TEHNOLOGIÝA

“Xiaomi” 5 minutda 100% zarýad berer

Batareýanyň kuwwaty häzirki “akylly” telefonlarda iň köp gözlenýän aýratynlyklardan biridir. Esasanam, ýokary derejeli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan iň täze model smartfonlary köne modellerinden has köp güýç sarp edýär.

Şeýle bolanda, smartfon öndürijileri ýa has ýokary kuwwatly batareýa modellerini ulanýarlar, ýa-da döreden çalt zarýad beriş tehnologiýalaryndan peýdalanýarlar.

“Xiaomi” “MWC 2023-de” 300W zarýad beriş tehnologiýasyny gözden geçirdi.

Hytaý kompaniýasy, 300W zarýad beriş tehnologiýasyny 4100mAh akkumulýatorly “Redmi Note 12 Pro +” smartfonynda barlag etdi.

300W zarýad beriş tizligi telefonyň batareýasyny 1 minutda 20 göterime çenli ýokarlandyrdy. 2 minut 12 sekuntda telefonyň zarýady 50 göterime çenli ýokarlandy.

4 minut 59 sekuntdan soň telefon 100 göterim doly zarýad almagy başardy.

“Xiaomi” 300W zarýad beriş tehnologiýasy üçin haçan uly göwrümli önümçilige başlajakdygy barada maglumat bermedi.

“OPPO-nyň” kiçi markasy “Realme” öň smartfonlaryň batareýasyny 10 minudyň içinde doldurýan 240W çalt zarýad beriş tehnologiýasyny hödürläpdi.

Bu tehnologiýanyň kömegi bilen 4500 mAh kuwwatly batareýany bary-ýogy 10 minutda 0-dan 100-e çenli zarýad berip bolýar.

 

Ýene-de okaň

Norwegiýa ilkinji bolup doly elektrikli ulaglara geçip biler

Tramp: “Microsoft” kompaniýasy “TikTok” bilen gyzyklanýar

Ata Watan Eserleri

Hazar deňzi boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk kabeli çekiler

Tehnologiýa bazarynda “DeepSeek” täsiri: “Nvidia”-nyň bazar bahasy 500 milliard dollar pese gaçdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň “DeepSeek” emeli intellekt modeli täzelik döretdi

Dünýäniň iň uly maglumat merkezi Hindistanda gurlar