JEMGYÝET

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutlady

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Tamamlanyp barýan ýylda Russiýanyň we Türkmenistanyň gatnaşyklary çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda okgunly ösdürildi. Syýasy dialog dowam etdirildi, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň oňyn netijeleri gazanyldy. Dostlukly halklarymyzyň, Merkezi Aziýada hem-de Hazar deňzi sebitinde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki netijeli işimizi dowam etdirjekdigimize umyt edýärin.

Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

Related posts

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi

Ata Watan Eserleri

TIF-2024: Türkmenistanyň ykdysady ösüşi 6.3 göterim derejede saklanýar

Türkmenistan’daki yabancı sirk gösterisi büyük ilgi gördü

vepa