Dünýä belli “Microsoft” kompaniýasynyň “Windows” amaly ulgamynda emele gelen giň gerimli näsazlyk dünýäniň köp böleginde iri awiakompaniýalaryň, banklaryň we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň işine öz ýaramaz täsirini ýetirdi.
“Microsoft” kompaniýasynyň “Windows” amaly ulgamynda emele gelen giň gerimli näsazlyk “CrowdStrike” kiberhowpsuzlyk kompaniýasy bilen baglanyşykly ýüze çykdy.
ABŞ-nyň, Awstraliýanyň, Hindistanyň, Beýik Britaniýanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň kompaniýalary we banklary kynçylyklar çekdi.
- “Microsoft Azure” bulut platformasyndaky näsazlyk ABŞ-da 200 sany awiagatnawyň yza süýşürilmegine sebäp boldy.
- Berlin şäherindäki Willi Brandt adyndaky howa menzili tehniki näsazlyklar sebäpli işini togtatdy.
- “Microsoft” kompaniýasynda emele gelen näsazlyk Niderlandlaryň Shiphol, Edinburgyň halkara howa menziliniň, şeýle hem “Ryanair” awiakompaniýasynyň işine päsgelçilik döretdi.
- Türkiýäniň “Turkish Airlines” awiakompaniýasy biletleri sargyt etmek hem-de awiagtnawlary hasaba almak işinde bökdençlige duçar boldy.
- “Microsoft Azure” bulut platformasyndaky näsazlyk Hindistanyň hem birnäçe awiakompaniýalarynyň uçar gatnawlaryna öz täsirini ýetirdi.
- “McDonald’s” kompaniýasynyň Ýaponiýadaky restoranlarynyň 30 göterimi kassa enjamlaryndaky näsazlyk sebäpli işini wagtlaýynça togtatdy.
- Dünýä belli kompaniýanyň amaly ulgamyndaky näsazlyk Awstraliýadaky we Täze Zelandiýadaky banklaryň hem-de beýlkei töleg ulgamlarynyň işine bökdençlik berdi.
- Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habar bermegine görä, ýurduň käbir hassahanalarynyň kompýuter ulgamlarynda näsazlyklar emele geldi.
- Londonyň gazna biržasynyň belli bir böleginde näsazlyklar emele geldi.
- Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň maglumat ulgamynyň işinde bökdençlikler döredi.