JEMGYÝET

Wideo bäsleşige gatnaşmaga howlugyň!!!

Türkmenistanda BMG dünýäde daşky gurşawy goramak we bu ugurda geçirilýän çäreler barada habardarlygy ýokarlandyrmak üçin 14-nji maý- 5-nji iýun aralygynda Bütindünýä daşky gurşaw güni mynasybetli jemgyýetçilik kampaniýasyna başlaýar. Bu barada BMG-niň Türkmenistandkay degişli düzümleriniň bildirişinden bellenilip geçilýär.

Biz Türkmenistanyň ähli raýatlaryny bize goşulmaga we plastmassanyň daşky gurşawa ýetirýän zyýanlary barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak we ulularyň hem-de çagalaryň arasynda oňyn daşky gurşaw endikleriniň ösmegine itergi bermäge çagyrýarys.

Özüňiz ýa-da dostlaryňyz bilen

1) plastmassa önümlerini ekologiýa taýdan amatly bolan önüm bilen nähili çalyşjakdygyňyzy görkezýän we / ýa-da

2) tebigaty we öz saglygyňyzy goramak üçin plastmassa önümini gaýtadan nähili ulanyp biljekdigiňizi hödürleýän we görkezýän gysga wideoňyzy tabşyryň.

Tehniki talaplar:

  • Gatnaşyjylar Türkmenistanyň raýatlary bolmaly.
  • Wideolar 15 sekuntdan köp bolmaly däl.
  • Wideo Faeebook, Instagram arkaly @UN_Turkmenistan, @undp_turkmenistan, @unicef_turkmenistan, @unfpa_turkmenistan, @who_turkmenistan #PlasticFree ýa-da #PlastikÝok heştegyny ulanyp, ýa-da Türkmenistan BMG-niň IMO sahypasy (+9365) arkaly şahsy sahypalarda ýerleşdirilmelidir.

Soňky möhlet: 2021-nji ýylyň 31-nji maýy 18.00

Wideonyň dili:Türkmen, Iňlis we Rus.

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyna täze ýolbaşçy bellenildi

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

Türkmenistanda ýolbaşçy düzümler 1-nji awgustdan başlap dynç alşa çykar

Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna

Talyp-2025: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Talyp-2025: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Ata Watan Eserleri