BILIMJEMGYÝET

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlaýar

Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta bilimli, 2026-njy ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy dolýan, 2025-2026-njy okuw ýylynda umumy orta mekdebi tamamlaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2025-nji ýylyň 1 — 15-nji dekabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça okuwa kabul ediljek dalaşgärleriň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;

— Dogluş hakynda şahadatnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);

— Hemişelik ýaşaýan ýerini tassyklaýan kepilnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);

— Umumy orta bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi); — SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language) we IELTS (International English Language Testing System) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

— Soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegde on iki sany fotosurat.

Ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedikler harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Zerur resminamalary tabşyran dalaşgärler bilen seçip alyş işi akademiki bahalandyryş synaglarynyň netijesine laýyklykda, bäsleşik esasynda geçiriler.

Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169. Te­le­fon bel­gi­le­ri: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25. Elekt­ron salgy­sy: admissioniuhd@gmail.com


Mahabat:

Daşary ýurtda bilim almak isleýänler üçin resminamalar toplumynyň terjimesi boýunça “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.

Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlaýar

Ata Watan Eserleri

Amerikada Stipendiýa bilen bilim alasyň gelýärmi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Tramp emeli aňy çaltlandyrmak üçin “Genesis” missiýasyny işe girizdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy