SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Wengriýa Ýewropada rus sanjymyny ilkinji tassyklan ýurt

Wengriýanyň Milli mejlisiniň agzasy Gergeý Guýaş, Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyna wagtlaýyn rugsat berlendigini we “AstraZeneca” sanjymyny tassyklandyklaryny habar berdi. Şeýlelikde, bu ýurt Ýewropada Russiýanyň sanjymyny tassyklan ilkinji ýurt boldy. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Wengriýanyň döwlet ministri Gergeý Guýaş ýurduň häkimiýetiniň täze görnüşli koronawirus (Covid-19) ýokanjyna garşy “AstraZeneca” we “Sputnik V” sanjymyny tassyklandygyny habar berdi.

Metbugat ýygnagynda ýykyş eden wenger ygtyýarlysy Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň Covid-19 sanjymyny üpjün etmek meselesinde gaty haýal hereket edýändigini, şonuň üçin ýurduň hökümetiniň sanjym üçin Hytaý we Russiýa bilen gepleşikler geçirendigini belledi.

Ol ýurduň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýartonyň Russiýada degişli gepleşikleri geçirjekdigini belledi.

Wenger ygtyýarlysy 331 müň doza sanjym alandyklaryny we 140 müň adama sanjym edilendigini hem belläp geçdi.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar