ATAWATAN ESERLERİ

Watan nireden başlanýar!

Elbetde dünýä ýüzi ajaýyplyklardan ybarat. Eýsem adamlarda bu ajaýyp duýgulary kemala getirýän täsinlik hem söýgümikä? Dogry, bu düşünje adamyň ykbalynda düýbüne ýetip bolmajak çözgütsiz umman ýalydyr. Sebäp adamyň durmuşynyň gurluşy söýgi duýgularyndan ybarat: ýiti jöwher paýhaslylygynyň netijesinde, öňdengörüji ýiti nazary bilen ak we aýdyň ýollara alyp barýan Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza söýgi, Watana söýgi, seni bu ýagty jahana dünýä inderip, ýaşaýşyň ilkinji gapylaryny açyp beren mähriban ene-ataňa söýgi, käriňe söýgi, sungata söýgi, tebigata söýgi we ş.m. Şu söýgi duýgularyny özünde jemleýän adamyň kalbynda ilkinji söýgüsi hem öz dogduk mekanyna, bereketli topragyna, enesi deýin mukaddes hasaplanýan ata Watanyna bolan söýgüsi bolsa gerek. Ýer ýüzünde näçe adam köp bolsa, şonça-da dürli-dürli pikirler, dünýägaraýyşlar bolýar. Şol sanda her bir adam öz Watanyna bolan söýgüsini dürli jümleler esasynda beýan eder. Watany söýmek, hormatlamak her bir adamyň borjy bolup durýar. Taryhdan mälim bolşy ýaly, biziň ata-babalarymyz şu bereketli topragymyzy gorap saklamak üçin janlaryny hem pida edipdirler. Elbetde, öz Watanyny söýmeýän adam bolmasa gerek. Haçan-da Watan sözi aýdylanda ilki bilen tebigatyň gözelligi, joşup akýan çeşmelerdir, derýalaryň, arassa howasy, tolkunlardan möwç urýan deňzi,halkyň parahat, abadan, dost-doganlyk gatnaşyklarda, bolelin ýaşaýşy göz öňünde janlanýar. Watanyň gözellikleri tükeniksizdir. Biziň Watanmyz diňe bir beýik ýa-da Garaşsyz, Baky Bitarap bolmak bilen çäklenmän, biz üçin dogduk mekanymyz, enemiz deýin mukaddeslik hasaplaýan gymmatlygymyzdyr. Türkmen halkynyň Watanyna bolan söýgüsi çäksizdir. Bu biziň dana şahyrlarymyzyň goşgy setirlerinde, hoş owazly bagşylardyr-aýdymçylaryň ýerine ýetirýän aýdymlarynda has aýdyň görünýär. Şeýle-de dörediji Lidermiziň ähli eserleri esasan watanperwerlige ýugrulan. Mähriban Arkadagymyzyň Watana bolan söýgüsi, hormaty biz ýaşlar üçin nusgalyk görelde mekdebi. Watanymyzyň waspy dillerimizde senadyr. Sebäp diýseň, her bir adam öz Watanynda özüni erkana, bagtyýar duýýar. Watana söýgi- bu adamzadyň mertebesidir. Geçmişde ata-babalarymyz bereketli topragymyz üçin duşman bilen ata Watanymyzyň bir daban ýeri üçin duşman bilen darkaş gurupdyrlar we ene topragyny duşmana bermejek bolup gözüniň göreji ýaly gorapdyrlar. Bu bolsa Watana söýgi diýen düşünjäniň has gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýär. Gerçek ýigitlerimiziň Watana gulluk etmekleri hem bereketli topragymyza bolan söýgüden nyşandyr. Watany edil maşgaladaky mähribanlaryň deýin söýmelidir. Sebäp seniň dogduk mekanyň, ýaşaýan, zähmet çekýän, milli mirasyň, däp dessurlardan ybarat bolan gymmatlyklar Watanda jemlenendir we onda öz beýanyny tapýar. Türkmen halky eziz Diýarymyzyň güllemegi, ösmegi üçin irginsiz zähmet çekýär. Eger her bir adam tebigatymyzy gorap, aýap saklasa bu hem Watany goradygydyr.Adamlara ýagşylyk etseň, bu hem Watanyňa bolan söýgi. Sebäp her bir adam Watanyň bir bölegidir. Ata Watanmyzyň şöhratly geçmiş taryhy, milli mirasy, dünýä medeniýetinde yz galdyran medeniýeti bar we bu zatlaryň ählisine guwanmak, buýsanmak hem söýgüden alamat. Elbetde, meniň Watanyma bolan söýgim çäksizdir we men türkmenligime buýsanýaryn! Her bir türkmen halky hem muňa guwanmana haklydyr. Çünki dünýäde deňi taýy bolmadyk, jenneti mekan dil-bilbilistan, gül-gülistan, asuda, parahat ýurt- bu biziň Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimizdir.

 

Aýnur Semetowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

 taryh fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri