SIZDEN GELENLER

Wagyz-nesihat çäresi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Ahlak terbiýesi -medeni mirasymyzyň gönezligi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa ýurduň geljekki  halkara gatnaşyklaryndaky abraýyna saldamly goşant goşjak diplomatlar, hukukçylar, ykdysatçylar we žurnalistler, şeýle-de professor mugallymlar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresine gelen  Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden, Aşgabat şäheriniň talyplar saglyk öýünden, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyndan, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinden gelen wekiller ýurdumyzyň geljegini üpjün etjek, Watanyň abraýyny artdyrmaly ýaşlaryň öňünde edep, ahlak, terbiýe bilen bagly täsirli gürrüňler bilen çykyş etdiler.

Çykyşyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumlarynyň mundan hem beýläk rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

 Bägül Kakalyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan “ýaşyl” energiýa aýratyn ähmiýet berýär

Ahalteke bedewi – dost-doganlygyň nyşany

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy