SIZDEN GELENLER

Üstünlige tarap ädimme ädim!

Özümiň halan  haçanam bolsa bir wagtlar peýdasy deger diýen jümlelerimi ýörite bellik depderime bellemek adatym bardy. Şu gün seý sebäp bilen şolara göz gezdirenimde şu jümlelere gözüm düşdi: ,,Hiç haçan ejizlemäň, boýun bolmaň, şonda size boýun bolmajak hiç bir kynçylygyň ýoklugyny görersiňiz! “ men bu ýazgyny haçan ýazypdyryn! awtory kim? ol barada zat ýazmandyryn. Emma bu sözleriň täsiri meni ýatlamalar ýumagynyň çözlenmegine sebäp boldy. Durmuşda adatça illeriň edip biläýjek zadyny etmäge endik edenligimizi boýun almaly. Biz aýa uçmak barada arzuw edýäris, emma oňa ýetmek üçin hiç hili hereket etmeýäris hatda munuň pikirinem edemizok. Saý sebäp bilen belli hokkeý toparynyň tälimçisi bilen söhbetdeş bolanymda ol şeýle gürrüň beripdi ,, Men otuz ýaşyma çenli buzda typybam görmändim, nesibäm çekip şu hokkeý toparyna gelipdirin buzda typmagy öwrenmegimiň zerurlygyny ilkinji günümden aňdym. Dogry bu ýaşdan soň sportuň kyn görnüşi hasaplanylýan hokkeý görnüşini öwrenmek maňa ýeňil düşmedi. Gaty köp kynçylyklara sezewar boldum, näçe ýykylyp näçe gezekler hamala men başaryp bilmerin belki el çeksemmikäm mundan soň öwrenip nä janymyň azary, belli bir kärim bara şol ugura gidäýsemmikäm diýip göwün bölen pursatlarymam az bolmandy. Sebäbi buz üstünde özüňe erk edip şaýbany garşydaş toparyňa bermän derwezä çenli ýetirmek aňsadam däldi. Ol adamdam öte çalasynlygy hemem çeýeligi talap edýär. Sen özüňde bar bolan sekuntlarça wagtyň içinde şaýba erk edip, topardaşyňa geçirmekde adamdan ussatlygy talap edýär. Ynsanyň zehininiň çäginiň  bolmaýşy ýaly islendik ýaşda islendik kärini öwrenmegi  üstünlige tarap ýetmegi üçin diňe özündäki gorkyny ýeňip ýeňişiň arzyly menzillerine tarap ädimme ädim ýöremegiň zerurlygyna aňry ýany bilen göz ýetirdim” diýen sözlerini ýatladym. Diýmek ol özi üçin asla mümkin bolup bilmejek zady şol ýaşdan soň öwrenip bilen bolsa bize arzuwlarymyzy amala aşyrmak üçin bahana aramaň möwriti geçdi hasap edýärin. Robert Kiýosakiniň şeýle meşhur sözüni ýada salalyň ,,islendik adama çyny bilen isleýän zadyny amal aşyrmak üçin el, aýak, kelle hem-de 168 sagat berilendir” onda  bizem şol çäkli pursatlary elden bermän hereketde düşeliň. Hereket etseň ol üstünlige tarap berekedinem bolluk bilen eçiler.

Üstünlik gazanmagymyzam şowsyzlyga gol bermegimizem öz elimizde ahyryn. Ýadyňyzdan çykarmaň birinji gezekki synanşykda başa barmasa ,, meň edip biljek zadym däl eken “ diýip, asla yza çekilmäň. Barmak büküp sanap şoňa  meňzemegi isleýän meşhur ynsanlarymyzam ilkinji ädimde müňlerçe şowsuzlyklary başdan geçirdiler. Şol pursatlarda olara ýeňilmez ynamy we yhlasy medet berenligi üçin hem göwün  islän  hünärine eýe boldylar. Biz mydama üstünlik barada söz açanymyzda ,, çagalygymyzdan hindi kinolary bilen aňymyzyň düşünje alyp ugran wagtlaryndan Boliwudyň meşhurlary bolan  Aişwariýa Raý ýa-da Şahruhan ýaly bolaýsadym” diýip arzuw etmedigimiz az-az bolaýmasa, köplerä arzuw edendir.  Başga-da dünýä belli alymlary, hudožniklary, heýkeltaraşlary, futbolçylary, taryhyna öz adyny ýazmagy başaran ussat türgenleriň durmuş ýoly olaryň bu ugurdan nädip üstünlige eýe bolanlygy barada söz açanymyzam duýman galýarys. Ýöne ,,iller biziň durmuşymyzdan biziň ýeten we ýetip biljek üstünliklerimizden nusga almaly dälmişin, bize şeýle meşhur bolmagymyz üçin hakyky bagty çüwen üstünlikli ynsan diýilmegimiz üçin kim päsgel berýär”.  Hiç kim! Onda nämä garaşýarys herekete düşmegiň wagty geldi. Biz özümizi edip bolmajak zady başarýanlygymyzy aňymyza ornaşdyryp bilen pursatymyzdan üstünlige tarap bir däl, on ädim ätdigimizdir. Öňümizde goýulan maksat belli bolanda üstünlige tarap ýörejek ýollarymyz hem şonça rowan, ýeňişlerimiz  dowam bolar. Elbetde ýaltalar üçin şygar bolan ,, ertirden başlaryn” diýen söz bar wagty üstünlik hakda arzuw etmegiň zerurlygam ýok. Bu gün başlamadyk zadymyzy şygar bolan ertirlerde tamamlap bilmeris, şonuň üçin hiç haçan ertire goýmaň! Durmuşda köp gabat gelýän bir hadysamyz bar. Olam ,, biri maňa şeýle mümkinçiligi döredip beren bolanda  menem üstünlik gazanyp bilerdim, mende beýle mümkinçilik bolmandy, bolanda menem edip bilerdim “ ýaly sözlere has öwrenşikli bolanymyzdan soňmy ýa başga sebäpdenmi kä ýagdaýlarda özümizem şolary gaýtalanymyzy duýmanam galýarys. Ýöne biz gökden injek mümkinçilige garaşyp ýaşamaly däl-de, olary özümiz üçin hut öz-özümize döredip bermeli şonda hakyky üstünligiň datly miwelerini dadyp lezzet alyp bileris. Hiç wagt kynçylyklaryň öňünde ejizlemäň. Üstünlik diňe kyn pursatlarda özüni elden bermän öňe ädim ädip bilen güýçli ynsanlaryň elindedir. Boýun egmezek hyýallaryňyzyň hökümdary boluň.  Men pikir yzygiderligimi edip kagyz ýüzüne geçirip otyran mahalym  arada daşary ýurt internet sahypalarynyň birinde gabat gelen ,,Güýçli we üstünlikli ynsan bolmagy isleýärsiňizmi? “ atly gysgajyk mazmunly makala ünsimi çekdi. Men sözümiň soňuny şoň bilen jemlemek isleýärin.

Häsiýeti boýunça güýçli ynsan bolmagy  üçin her bir adam öz ömrüniň dowamynda durmuşyň çarkandakly  ýollarynda öňünden çykan  päsgelçiliklerden geçmegi başarmalydyr. Her birimiz güýçli ynamymyzyň  we yhlasymyzyň,   üstünde ýyllar boýy irginsiz zähmet çekmegimiziň  netijesinde almaz kimin ýonyp ömrümize  öwüşgin çaýyp biljek üstünlik we ýeňiş atly şekile öwürýäris. Durmuşyň ýazylmadyk kanuny bolan şu düzgünler bizi üstünlikli ynsanlar ýaly kämilleşmegimize üçin kömek edýär.         

1. Gorkydan gaçmaň!

Gorkyňyzy seljermegi başaryň  we oňa ýönekeý bir duýgylaryňyzyň biri hökmünde serediň. Özüňizdäki gorkyny gözden salmaň, we onda ýeňilmäň. Bu hadysany edil bir kinofilm ýa-da eseriň sužeti ýaly kabul edip bilseňiz ähli zat ýuwaşlyk bilen özgerip başlaýar. 

  1. Geçmiş bilen ýaşamaň!

Unutmaň, hemme zady täzeden başlamak üçin hiç wagt giç däldir. Geçmişiňizden galan agyr ýük bolan şowsuzlyklaryňyzyň ýatlamasy bilen ýaşamaň. Durmuşyňyzyň iň möhüm pursaty şu gündir, ony bagt we guwanç, üstünlik düşünjeleri bilen doldurmagyňyz üçin mümkinçilik diňe şu gün berilýändir!

  1. 3. Öz-özüňize gynanmaň!

Öz-özüňize gynanmak ýaly adatyňyzdan bütinleý ýüz öwüriň! Bu güýjiňizi biderek harç etdigiňiz bolar. Özüňize nebsiagyryjy nazar bilen seretmäň, arman we öýke duýgylar beýik daga dyrmaşmagyňyza böwet bolar. Bu bolsa ynsana ruhy täsir etmek bilen çäklenmän, saglyk ýagdaýyňyza hem uly zyýan ýetirip biler.  

  1. 4. Näme bolsada bagyşlaň!

Bagyşlap bilmek häsiýeti ynsany bezeýän iň ajaýyp häsiýetleriň biridir. Geçmiş pursatlary, sizi gynanmaga mejbur eden ynsanlary, durmuşyňyzdaky şowsuzlyklary, adalatsyz ýagdaýlary,  gurbanlyklary, ahmyrlary bularyň ählisini diňeje kalbyňyzyň düýp düýbindäki bagyşlamak usuly bilen daşyna çykarmagyňyz mümkin!

  1. Hemme zat gowylygadyr.

Durmuşy hiç haçan adalatsyz, azaply  düşünje bilen taryplamaň. Ömrüňiziň dowamynda her bir kynçylyk ýene-de güýçli we parasatly bolmagyňyz üçin sapak alar ýaly dersdir. Durmuşymyzdaky biz halamaýan erbet adam, size kiçijik bolsa-da sapak bermek üçin garşymyzda peýa bolandyr. Şonuň üçin, bir zat hakda pikirleneniňizde onuň diňe gowy taraplaryny görmäge çalyşyň!

  1. Başgalara kömek ediň!

Heý bir wagt üns berip gördiňizmi! Özgelere kömek edip el uzadanymyzda ýüregimizde özümiziň hem düşünip bilmejek  üýtgeşik bir duýgy peýda bolýar. Şol pursatdan başlap özüňizi öňkiden has bagtlyrak, güýçli we şadyýan duýýarsyňyz. Bu siziň paýlaşan bagtyňyzyň  hakyky sylagydyr!

  1. Duýdansyz urgylara ýeňilmäň!

Durmuşyňyzda nähili ýagdaýda bolanda-da, başyňyzy hemişe belent tutup, özüňize ynamly ýöremegi adat ediniň. Duýdansyz urgulardan ýeňilmek güýçli hemem üstünlikli ynsanlara mahsus häsiýet däldir. Unutmaň durmuşyňyzdaky hakyky üstünlik – bu üstünlige ýetmek ýolunda kemala gelen ynam we yhlasyň güýji hasaplanýar.

Gunça ORAZOWA, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Ýene-de okaň

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri