Geçen ýyl iş ýerinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşat Meňliýewa bilen gürrüňdeş bolduk. Ol:
— Öwlüýäguly mugallym hakynda ýazan makalaňyzy okadym. Begendim. Mugallymymyzyň ogly Ahmediň: «Kakam paýtagtymyzdaky Garadamak obasynyň gonamçylygynda jaýlandy. Doganoglan inisi Baba Annanow ikisiniň gubury golaýjak. Öňräk hatyra gününde gonamçylyga zyýarata bardym. Görsem kakamyňam, Baba kakamyňam guburynyň üstündäki ot-çöpler eýýäm arassalanypdyr. Geň galdym. Töwerege seretdim. Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa bilen kärdeşleri: «Halypalarymyzyň, mugallymlarymyzyň ruhuna zyýarat edeliň!» diýip, ýörite şolar gelip arassalan eken. Şonda gonamçylygyň müjewüri gelip: «Artist zenanlara bu sogaply işleri üçin alkyş baryny aýtdy. Adam diri wagtynda-da, dünýeden ötensoňam şeýle hormat sylag bilen mertebelenmegi kalbyňa ýatdan çykmajak duýgulary bagyşlaýar. Kakamyň şeýle şägirtleriniň bardygyna buýsanýan» diýip, tolgunma bilen aýdan gürrüňini ýazypsyňyz. Bilen bolsam mugallym jan hakynda menem käbir ýatlamalary aýdardym. Öwlüýäguly Kulyýew Türkmen döwlet medeniýet institutynda birinji-ikinji ýyllyk talyp döwrümiz «aktýoryň ussatlygy» sapagyndan okadypdy. Öň onuň halypa režissýordygyny gaýybana bilýärdim, ýöne birnäçe ajaýyp filmleri döredendigini soň bildum. Ol şeýle bir mähriban, mähirli adamdy. Kursdaşlarymyzyň arasynda men has çepiksije bolamsoň ol maňa: «körpe gyzym» diýerdi. Edil kakamyz ýalydy. Oguldurdy Mämmetgulyýewa-da ejemiz ýalydy.
Talyplyk döwrümiz biraz kynçylykly ýyllara gabat geldi. Bizem orta mekdebi ýaňy gutaryp welaýatdan gelen ýaş talyplar. Mugallym jan her gün umumyýaşaýyş jaýymyza gelip talyplaryň hal-ýagdaýyndan habar alardy. Şonda ol köplenç öz ýanýoldaşy gelnejemize (ikisiniňem jaýy jennet bolsun!) tamdyrda çörek bişirdip getirerdi. Bizem talyplar bolup üýşüp gyzgynjak çöregi hezil edip iýerdik.
Bir gün mugallymyň ýaramaýandygyny eşitdik. Kursdaşlar bolup ýagdaýyny soramaga gitdik. Öýlerine baranymyzdan ol ýerinden turup:
— Geliň balalar, geçiň töre! Biraz dümewläpdirin. Indi siz gelen bolsaňyz saglygym hasam gowulanar — diýip begendi. Saçak ýazyp ullakan okarada nahar getirdi.
— Derrew sowatman iýiň, gelnejeňiz siz üçin ýörite bişirip gitdi — diýip öňümizde goýdy. Şol wagtam öý telefonyna jaň geldi. Ol täze sahnalaşdyryljak oýnuň söhbedi bilen ýarym sagatdanam köp telefonda gürleşdi. Biz çalasynlyk bilen okaradaky mäşewäni boşatdyk. Kursdaşymyz Gülälek Akmyradowa bizden ulurakdy.
— Näme, doýmadyňyzmy? Ýene iýesiňiz gelýämi? — diýip sorady.
— Hawa — diýip baş atdyk. Aşhana gapdal otagdady. Gülälek gidip okarany gaýtadan dolduryp mäşewe getirdi. Haýdap iýip tabagy ýarpylap barýardyk. Biziň ikinji okarany boşadyp barýanymyzdan habary ýok mugallym gelip:
«Şindem iýip gutarmadyňyzmy? Boluň çaltyrak, nahary sowatman iýiň hemmesini!» diýdi. Şondaky iýen mäşewämiň tagamy henizem agzymdan gidenok.
Öwlüýäguly mugallym degişgendi. Talyplar bilen deň-duşy ýaly gürrüňdeş bolup oturýardy, ýöne diýseň talap edijidi. Sapaklarymyzy yhlas bilen öwrederdi. «Keçpelek» filmini surata düşürşini gürrüň bererdi. «Näçe gradus gyzgyn howada çägäniň üstünde filmiň ýaşajyk gahrymany Begliniň: «Ma:ral, gitme!» diýip aýak ýalaňaç ylgamaly kartinasyny telim gaýta almaly boldy. Şonda bu keşbi janlandyran alty ýaşlyja oglum Ahmediň gyzgyna çydaman: «Surata düşjek däl, kaka!» diýip aglaýan sesi häzirem gulagymdan gidenok» diýip ýatlardy. Mugallymyň baý şahsy arhiwi bardy. Ol 1950-1954-nji ýyllarda Moskwanyň A.W. Lunaçarskiý adyndaky dowlet teatr sungaty institutynda aktýorlyk hünäri boýunça ýokary bilim alyar. Türkmenistanyň belli sungat işgärleri Oraz Hajymyradow, Aman Gurbandurdyýew, Setdar Garajaýew, Gurban Keljäýew, Hurma Hajymyradowa dagy bilen bile okapdyr. Soň 1959-1961-nji ýyllarda ýene-de şol ýokary okuw mekdebinde režissýorlyk hünärinden bilim alýar. Talyplyk ýyllaryndaky sapak geçilşini, mugallymlaryň nähili hünär öwredişini režissýor bolansoň, wideo şekile geçiripdir. Şol arhiw ýazgylary talyplara görkezip, bar ünsümizi okuwa bererdi. Indi käte öňümizden çagalary çyksa doganymyzy gören ýaly begenýäs. Ikinji ogly Ýusubyň ogluna Öwlüýäguly mugallymyň ady dakylan. Häzir ol Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby. Mugallymymyzyň ogullary-gyzlary: «Talyplaryny görsek kakamyzy gören ýaly bolýas» diýýärler. Bizem perzentlerini görsek mugallymymyzyň özüni gören ýaly bolýas — diýip ýatlady.
Men oňa mugallymy hakynda indi makala ýazsam ýatlamalaryny makalama goşjakdygymy söz berdim. Öwlüýäguly aga 1930-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde doglan. 1997-nji ýylyň 13-nji martynda-da bakyýete göç eden. Şu ýyl onuň doglan gününiň 95 ýyllygy. Onsoň onuň şägirdi Gülälek Akmyradowa jaň etdim. Ol:
— Mugallym jan hakynda öň onuň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli «Zaman» gazetinde makalam çap bolupdy. Ilki şol makalany okap görüň, onsoň goşmaça sowalyňyz bolsa gürrüňdeş bolaýarys. Mugallym jan hökman ýatlanmaly halypadyr — diýdi. Gülälegiň «Zaman» gazetiniň 2020-nji ýylyň 26-njy dekabr sanynda çap bolan «Halypa sargydy» atly makalasyny tapyp okadym hemem käbir parçalary göçürip aldym:
«Mähribanlyk duýgusy — ynsan kalbynyň iň gymmatly hazynasy. Ol duýgyny saňa kim berip bilýär? Seniň eneň-ataň, ýakyn hossarlaryň, dogana öwrülip giden dostlaryň. Ýene bir ynsan seni hemişe ýakymly bir mähribanlyk bilen çoýýar. Ol seniň mugallymyň. Hawa, mugallym diýen belent atda, gör, näçe paýhas, ylym-bilim, akyl, mähribanlyk jemlenen.

Okuw otagy. Stoluň başynda oturan mugallym okuwçylar bilen tejribe sapagynda… Ol okuwçylarynyň her birini ilkinji gezek görýän ýaly birlaý gözden geçirip, sözüni dowam edýär.
— Hawa, wagt diýlen zat çäklidir. Men ynsan ömri barada aýdýan. Siziň şu wagtky ýaşlyk döwrüňiz hem baky däldir. Sonuň üçin wagtyňyzy bisarpa ulanmaly dälsiňiz. Ynsanyň dünýä gelen güni wajypdyr. Emma onuň bu jahana näme üçin gelendigine düşünen güni ondan-da wajypdyr. Hünär kämilligi sizden köplenç erjelligi, tutanýerliligi, täzeçilligi talap eder. Siz hemişe gözlegde bolmaly. Täze pikirler, täze garaýyşlar, her başlan işiňize täzeçe çemeleşmek siziň endigiňize öwrülmeli.
Talyplaryň arasyndan biri mugallyma sowal bilen ýüzlendi:
— Eger başlan täzeligiň şowuna bolmasa… onda ýarpy ýoldan yzyňa gaýtmaly bolar-da, mugallym…
— Näme üçin? Her bir gowy netijäni aňsatlyk bilen gazanyp bilerin öýtseňiz-ä ýalňyşýaňyz. Başlan işiňiz ugruna bolman hem biler. Eger başarnygyňa şübhäňiz bolsa-ha, onda gowusy hiç bir işe başlamazlyk. Öňem bir danaň aýdan sözi bar: «Eger siz bir zady başarmaýandyryn öýtseňiz hem siz mamla». Seniň özüňe ynamyň eýýäm ýoluň ýarsy!
Hawa, bu wakalar meniň gözümiň alnynda bolup geçipdi. Çünki ol ynsan bize «aktýoryň ussatlygy» sapagyndan tälim beren Türkmenistanyň kinematografiýa birleşiginiň agzasy, kinorežissýor, ssenariçi Öwlüýäguly Kulyýewdi. Pessaýdan gürläp, kalbyndaky çuň mähribanlyk duýgusyny bize — öz çagalary ýaly eziz görýän talyplaryna siňdiren ol adam hakyndaky ýatlamalaryň özi hem gursagyma ýyly duýgy çaýýar. Adam ykbalyny, häsiýetini açyp öwrenip, sahnada janlandyrmak üçin öz häsiýetleriňi, endikleriňi kämilleşdirmelidigi şol ýyllarda, şol sapaklarda aňymyza guýlupdy. Öwlüýäguly mugallymyň bize beren pentlerine, sargytlaryna özüniň wepaly bolup, kämil adam, kämil hünärmen bolanlygyny, mugallyma degişli bolan şu maglumatlar hem doly şaýatlyk edýär.
Hawa biz üçünji ýyllyk talyp wagtymyz Öwlüýäguly mugallym 67 ýaşynyň içinde aradan çykypdy. Hersi bir welaýatdan gelip, dogan ýaly bolan toparymyza bu aýralyk juda agyr degipdi. Biziň bu mähriban ynsandan alan mährimiz henize çenli kalbymyzy ýyladyp dur. Ondan bäri näçe wagt geçenem bolsa, her gezek täze işe başlanymda, birden mugallymyň sesi gulagyma gelýär: «Eger siz bir zady başarýandyryn öýtseňiz, siz mamla… Wagt diýlen zat çäklidir. Hünär kämilligi sizden, köplenç erjelligi, tutanýerliligi, täzeçilligi talap eder. Siz hemişe gözlegde bolmaly». Onsoň kalbyma dolýan mähribanlyk duýgusy bilen işe başlaýaryn…»
Bu ýatlamalardan soňra ussat mugallymyň şahsy arhiwi hakynda gyzyklandym. Öwlüýäguly Kulyýew Aşgabadyň Awtoulag ýollary tehnikumynda okaýan dowründe ýoldaşlary bilen teatra spektakl görmäge gidýän eken. Şo mahallar ol on sekiz ýaşynda. Bir gün teatra baranlarynda Moskwanyň ýokary okuw mekdebine aktýorlyk hünäri boýunça okuwa kabul edilýändigi barada bildirişi okaýar. Şeýlelik bilen ol paýtagtymyzda synagdan geçip Moskwa okuwa gidýär. Okuwyny üstünlikli tamamlansoň, ilki Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda işleýär. Soňra sungat ugry boýunça milli kadrlaryň ýetmezçiligi zerarly, ony ýaş aktýorlaryň arasyndan režissýor hökmünde saýlap, Çärjewiň drama teatryna işe belleýärler. 1956-1958-nji ýyllar aralygynda ol Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynda baş režissýor bolup işleýär we milli hem daşary ýurt eserleriniň birnäçesini sahnalaşdyrýar. Onuň 1961-nji ýylda Aşgabatdaky Mollanepes adyndaky drama teatrynda sahnalaşdyran «Balsaýat we jadylanan Meleguş» atly diplom spektakly tapawutlanan baha bilen kabul edilýär. 1962-nji ýylda ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Turkmen teleradio komitetiniň milli edebi-drama gepleşikler bölüminde işläp birnäçe telespektakllary, dokumental filmleri döredýär. 1966-njy ýylda halypa režissýor Meret Atahanow «Türkmenfilm» kinostudiýasynda 30-njy ýyllaryň wakalaryny öz içine alýan «Ýalynly furgonyň ýoly» atly filmine başlaýar. Şol filme ikinji režissýor edip Owlüýäguly Kulyýewi çagyrýar. Meret Atahanow bilen işleşmek Öwlüýäguly Kulyýewiň režissýorlyk tejribesini has-da artdyrýar. Bu onuň özbaşdak döreden «Keçpelek» filminde aýdyň suratlanýar. «Ýalynly furgonyň ýoly» filmde ol kiçiräk rola professional artist gözlemän, şol keşbi Maryda teatrda işlän döwründe tanyş bolan dosty Şükür Kulyýewe ynanýar. Şükür aga bu keşbi diýseň ynandyryjy ýerine ýetirýär. Şeýlelik bilen bu filmden soň ençeme filmlerde keşp ynanylyp Şükür Kulyýew ýurdumyzda tanymal kino artisti bolup ýetişýär. Öwlüýäguly Kulyýewiň özem şo döwürlerde Meret Atahanowyň filmlerinde kiçiräk keşplerde çykyş edýär. Ol 1971-nji ýyla çenli Türkmen telewideniýesiniň baş režissýory bolup işleýär. Şol döwürler telegepleşikler göni ýaýlymda gidýänligi sebäpli Öwlüýäguly Kulyýew gije sagat 24-00 çenli studiýada bolup, her bir gepleşigiň bökdençsiz ýaýlyma berilmegine, olaryň çeperçilik tarapyna jogap beripdir. Bir gezek ol telewideniýede çeper höwesjeňleriň konkursyny ýaýlyma taýýarlaýarka Bäherden etrabynyň Ýarajy obasyndan ýaş aýdymçy Annaberdi Atdanowyň mahmal sesi ünsüni çekýär. Şonuň üçin ol «Keçpelek» filmindäki aýdymlary bu aýdymça ynanylmagyny Nury Halmämmedowa teklip edýär. Kompozitor birbada teklibi goldamaýar. Emma Öwlüýäguly aga Annaberdi Atdanowy iň bolmanda diňläp görmegi haýyş edýär. Nury Halmämmedow dostunyň haýyşyny kabul edip, ýaş aýdymçyny synaga çagyrmaga razylyk bildirýär. Şonda entek roýalyň gapdalynda durup görmedik oba aýdymçysy tolguna-tolguna «Duran ýerlere» aýdymyny ýerine ýetirýär. Aýdym tamamlanansoň, Nury Halmämmedow roýalyň başyndan turup, ilki Annaberdi Atdanowy soňra Öwlüýäguly Kulyýewi gujaklap:
— «Bu genialno, dost!» diýip göwni ýetýär. Şondan soň nota bilmeýän oba aýdymçysy Annaberdi Atdanowy Moskwa şäherine 200-den gowrak sazandaly simfoniki orkestrda ýazgy geçirmäge alyp gidýärler.
Orkestr türgenleşige başlanda Annaberdi Atdanow öňünde dikilen görkeziji nota ýazgylaryna seretmän, «Keçpelek» aýdymynyň säginilýän we ýene aýdylýan ýerlerinde birjikde ýalňyşman ýerine ýetirýär. Sazandalar oňa «moestro» — diýip taýajyklary bilen saz gurallaryna kakypdyrlar. Şu filmden soň Nury Halmämmedow Alty Garlyýewiň «Mukamyň syry» filminde hem Didar bagşynyň aýdymyny Annaberdi Atdanowa ynanýar. «Keçpelek» filminiň sazy magnit ýazgysyna geçirilende, studiýada diňläp duran Moskwaly kinosaz ussatlary Öwlüýäguly Kulyýewden — «Kimkä bu sazlary ýazan kompozitor?» diýip, soraýarlar. Öwlüýäguly Kulyýew Nury Halmämmedowyň egninde elini goýup:
— «Ine, bu meniň dostum» diýende, saz bilermenleri ýylgyrşyp:
— «Hany, oýun etmesene, bujagaz oglanam şunuň ýaly beýik mukamlary ýazarmy? Hakyky kompozitoryň adyny aýtsana!» diýşipdirler. Öwlüýäguly Kulyýew ýene dostuna bakyp:
— «Bu, Türkmeniň täze dörän beýik kompozitory Nury Halmämmedow» diýip, olara ynamly jogap beripdir.
«Keçpelek» filmi kabul ediş toparyna tabşyrlanda uly baha berlipdir. Bu bolsa režissýor Öwlüýäguly Kulyýewi täze uly göwrümli çeper filmleri döretmäge ruhlandyrýar.
Ol telewideniýede işlän döwründe Türkmenistan respublikasynyň düýbüni tutujylaryň biri, Türkmenistan respublikasynyň ilkinji hökümet başlygy Gaýgysyz Atabaýew barada çeper film döredýär. Bu filmine başlanda ol ilki ýazyjy Berdi Kerbabaýew bilen köp maslahatlaşyp, iki bölümden ybarat film döretmekçi bolýar. Berdi aga oňa filmi baýlaşdyrmak üçin kitabyna girmedik wakalary gürrüň berýär. Gaýgysyz Atabaýewiň Moskwada ýaşaýan ogly Kemine Atabaýewe ýüz tutmagy tabşyrýar. Emma şol döwür ýurtda ýöredilýän syýasy ideologiýa muňa rugsat bermeýär. Filmiň edebi esasyna onuň Moskwanyň syýasy we harby arhiwinden ýygnan materiallary hem goşdurylmaýar. Mundan başga-da ýazyjy Berdi Kerbabaýew öz adybir kitabynda Gaýgysyz Atabaýewiň maslahatçysy we dosty bolan, öňki rus patyşasynyň harby ofiseri Yzgant obasyndan Öwezbaý serdaryň ogly Seýitmyrat Öwezbaýewiň adyny üýtgedip «Öwezbekow» diýip getiren hem bolsa, onuň keşbini filmde doly suratlandyrmak çäklendirilýär. Bu keşbi filmde Meret Atahanow ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Filmde Gaýgysyz Atabaýewiň keşbi meşhur artist Baba Annanowa ynanylýar. Baba Annanow bu roly üçin 1974-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen ada mynasyp bolýar. Režissýor filme saz ýazmagy Nury Halmämmedowa ynanýar. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň sözlerine düzülen «Türkmen sährasy» aýdymy ilkinji gezek şu filmde ýaş aýdymçy Atageldi Garýagdyýew tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Owlüýäguly Kulyýew 1970-1984-nji ýyllarda Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň «Naýza» satiriki kinožurnal bölüminiň baş režissýory bolup işleýär. Şol döwürde ol 240-dan gowrak «Naýza» satiriki kinožurnalyna režissýorlyk edýär. Onuň bu göwrumli işlerini kino sagadyna öwreňde ol 30-dan gowrak çeper filmi döreden bilen deňdir. Şol satiriki kinožurnallarynyň çeper parçalarynda Türkmenistanyň meşhur kino we teatr artistleri çykyş edipdirler.
Şahsy arhiw ýazgylarynyň arasynda Öwlüýäguly aganyň ýazan «Haýyşnamasynyň» elýazmasynda ünsüm eglendi. Bir bölegini göçürip aldym. Sebäbi režissýor bilen filmi kabul ediş toparyň arasyndaky sowal-jogaplar diýseň täsir etdi.
«…1970-nji ýylda TSSR kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň çagyrmagy bilen Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynda işimi dowam etdirdim. 1984-nji ýylda maňa «Türkmen toýlary» atly dokumental çeper filmi taýýarlamaklygy tabşyrdylar. Ssenariniň awtory ýazyjy Hudaýberdi Durdyýew, häzir TSSR ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy. Filmi kabul etmäge gatnaşan ýoldaşlar:
— Näme üçin gelne fata geýdirmänsiňiz?
— Näme üçin gudaçylyk gürrüňi stoluň başynda geçmän, halyň üstünde geçýär? — Näme üçin aýdym aýdýarlar?
— Näme üçin adamlar hatara otyrlar? (bu ýerde milli «Keçe-keçe» oýny gidýär.) diýip sorag bilen ýüzlendiler. Filmiň režissýory hökmünde men sekretaryň bu soraglaryna jogap bermelidim. Birinjiden fata türkmenleriň milli lybasyna girmeýär, ol ýewropa halklaryna degişli. Ikinjiden filmiň ssenarisinde: «gelin fata geýmeli» diýlip ýazylmandyr. Meniň ssenariden çykmaga hakym ýok — diýip pikirimi aýtdym.
— Biz beýle filmi kabul etmeýäris — diýip jogap berildi. Ýogsa respublika boýunça däp-dessurlar baradaky komissiýanyň çlenleriniň biri «Sowet Türkmenistany» kolhozynyň başlygy ýoldaş Myratberdi Sopyýew, SSSR-iň halk artisti Baba Annanow, TSSR-iň halk artisti Halmämmet Kakabaýew we başgalar filmi görüp: «Hakykaty görkezýän gyzykly, özboluşly film eken» diýip baha berdiler. «Türkmen toýlary» atly film oba zähmetkeşlerine niýetlenen filmleriň biridir. Gynansak-da biziň bu filmimiz heniz-henizler kinostudiýanyň filmotekasynda çaň basyp ýatyr…»
Ýazgyny okap geň galdym. Birinjiden-ä filmiň edebi esasyny ýazan ýazyjy millilige aňry ýany bilen düşünýän ussat. Onuň diňe meşhur «Mukamyň syry» filminiň özi ýeterlik. Ol aýdym-sazdan başy çykýan, ençeme naýbaşy kitaplaryň awtory. Ikinjiden režissýoryňam özüne berlen sowallara aýdan jogaplary ýerbe-ýer. Bu ýerde sungatyň nämedigine düşünmän diňe öz kürsüsini sypdyrmajak bolup hereket eden ýolbaşçy göz öňüňe gelýär. Belkäm, şo döwrüň talaby şeýle bolandyr? Beýle diýsem Hudaýberdi Durdyýew dagy syýasata düşünmän duran bi sowat adamlar däl ahyry. Indiden soň aýtjak bolýanym, Öwlüýäguly agany şol beren jogaby üçin dört-bäş aýlap işsiz oturdyp kösändiklerine gynandym.
Soňra arhiw suratlary synladym. Uruş döwrüniň wakasyndan gürrüň berýän «Taýharly oglan» filmiňem ýazgysy bar eken.
— Ahmet mugallym, çaga wagtyňyz surata düşenem bolsaňyz bu filmde döreden baş keşbiňizem diýseň şowly çykypdyr. Filmiň režissýory Halmämmet Kakabaýewem gürrüňdeş bolsak bu filmi ýatlardy. «Taýharly oglan» filmimi aýratyn gowy görýän» diýerdi.
Gürrüňimizi başga ýana sowmaýyn, kakaňyz bilen bagly siziň haýsy ýatlamalar ýadyňyza düşýär?
— Kakamyň ulag ussaçylygyndanam başy çykýardy. Uly ogly bolamsoň, kiçiligimden hemişe ýanyndan aýyrmazdy. Ulagyny bejerende: «Bar, ol açary getir, pylan şaýy uzat» diýip kömekleşdirerdi. Şeýdip ol maňa ulag ussaçylygyny, ulag sürmegi ýaşlygymdan öwretdi.
Kakamyň talyplyk ýyllary ýeňil geçmändir. Köplenç ýatlardy.
— Ejem pahyr hemişe tamdyrda çörek bişirerdi. Çörekleriniň ýanynda hökman iki sany ullakan jigirdekli ýa-da etli çöregem ýapardy. Bir gezek hamyr ýugrup otyrka inim Ýusup geldi öýe.
— Eje, düýnem çörek bişirdiň-ä — diýdi. Ejem:
— Oglum, bu gün kakaň nobatçylyga gitmeli güni. Umumyýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyplara äkitjek — diýýär — diýenden inim:
— Näme, açlyk barmy?— diýdi. Şonda kakam:
— Oglum, öýüň üstüňde bolansoň, bilýän dälsiň. O çagalar welaýatdan gelen, ene-atasy ýanynda ýok. Tamdyrdan çykan gyzgynjak çöregiň zyýany degermi? Onda-da talyp döwrüň — diýip, şonda-da özüniň talyplyk ýyllaryndaky kynçylyklaryny ýatlady — diýip gürrüň berdi.
Ýazgylaryň arasynda Öwlüýäguly Kulyýewiň gyzy, filologiýa ylymlarynyň doktary Oguljemal Ýazlyýewanyň (Kulyýewanyň) öz kakasy barada ýazan ýatlamalary-da bar eken. Ol şeýle:
«Kakama egindeşleri: «Lew Kuliýewiç» diýip ýüzlenerdiler. Belki onuň häsiýetini şir-peleňiň häsiýetine deňändirler. Sebäbi kakam öz işinde hakyky liderdi. Durmuşymda kakamy elmydama özüme nusga, görelde edinerdim. Ol örän talap edijidi. Bizi öz göreldesi bilen terbiýelärdi. Durmuş ýolunyň çylşyrymly syrlaryny öwrederdi.
Çagalyk döwrum kino, teatr işgärleriniň arasynda geçdi. Bäş ýaşymdakam 1965-nji ýylda kakam meni ilkinji gezek kino surata düşürmäge alyp gidipdi. Häzirem ýadymda. Ol Türkmenistanyň meşhur opera aydymçysy Medeniýet Şahberdiýewa barada «Saýra bilbil» atly dokumental telefilmini surata düşüripdi. Şonda bir epizod bardy. Şol parça Aşgabadyň golaýyndaky Gämi obasynda surata düşürlipdi. Maňa Medeniýet Şahberdiýewanyň telewizordaky konsertine atasy bilen tomaşa edip oturan gyzjagazyň keşbini döretmeklik ynanylypdy.
Soňra kakam «Keçpelek» filmini surata düşürende beýleki çagalar bilen bilelikde meni hem filmiň epizodlaryna gatnaşdyrypdy. Elbetde, şol filmde baş keşbi ýerine ýetiren meşhur aktýor Baba Annanow, aktrisa Sabyr Ataýewa, filmiň sazyny ýazan kompozitor Nury Halmämmedow ýaly türkmenin beýik sungat işgärleriniň döredijiliginiň ýakyn şaýady bolmak — bu uly bagt. Ýöne meni ýene buýsandyrýan ýagdaý — filmde baş rollaryň biri Begliniň keşbini doganymyz Ahmediň ussatlyk bilen ýerine ýetirmegidir. Onuň aýajygy çepekli oba oglanjygynyň keşbini döredişi köpleriň ýadynda bolsa gerek. Oglanjygyň türkmen halk sazyna, dutara bolan söýgüsi filmde uly orun tutýar.
Garagum çölünde ýerleşýän «Giň Oý» diýilýän obada surata düşürilen oba çagalarynyň «Aýterek-günterek» oýnuny oýnaýan kiçijik epizodyna gatnaşdyrmak bilen, kakam öz çagalaryna kino sungatynyň tilsimlerine içinden syn etmäge, oňa düşünmäge ýagdaý döredipdi. Bu biz üçin uly mekdepdi».
Ynha, bu bolsa Öwlüýäguly aganyň žurnalist hem otuza golaý filmde dürli keşpleri janlandyran kinoaktýor ogly Ýusup Kulyýewiň ýatlamasy:
— Kakam barada pikir edemde ilki bilen bir pursat ýadyma düşýär. Her gezek teleýaýlymda «Keçpelek» filmini görenimde agam Ahmedi görüp: «Hany, men nirede?» diýip soraýardym. Kakam bolsa, filmde aňrysyny bakyp ýöräp barýan oglanjykly kartina elini uzadyp: «Hon-ha, şol oglan sen, ýöne aňryňy bakyp dursuň» diýerdi. Ynanýardym, ýöne barybir «men kinoda ýok» diýip aglaýardym. Ejemiň elimden tutup: «Aglama goý, ine ulalanyňda senem kinolarda oýnarsyň» diýen sesi gulagymda henizem ýaňlanyp dur. Käte kakam öýe Baba Annanow bilen gelende (biz oňa Baba kaka) diýerdik. Ol meni ýokary göterip: «Ata münesiň gelýärmi, Ýusup jan? Ine, indiki sapar gelenimde özüm seni kino düşürýän ýerimize alyp giderin» diýeni häzirem ýadymda.
«Az bolsun, uz bolsun» diýip köneleň aýdan sözi bar. Kakam kino döredijiliginde käbir beýleki kinorežissýorlar ýaly köp film döretmändi. Dogry onuň hem belli bir sebäpleri bolupdy. Emma onuň döreden «Keçpelek» filmini diýseň şowly çykan kino diýip hasap edip bolar. Bu film öz döwründe hiç hili Döwlet baýraklaryna-da mynasyp bolmandy. «Onda ideologiýa ýok, ol milli duýgyny galdyrýar» diýip kesgitleme berlipdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen her zadyň ýerbe-ýer bolşy ýaly, onlarça ýyllardan soň ýurdumyz Garaşsyzlygyny alansoň, milli däp-dessurlarymyza dolanyp gelmegimiz bilen elbetde, halkyň arasynda «Keçpelek» filmine-de uly orun berildi. Her ýyl hatyra günlerinde bu film teleýaýlymyň üsti bilen halka ýetirilýär. Biz muňa gaty buýsanýarys. Sebäbi bu diňe bir kakamyň zähmeti bolman, filmiň döredijilik toparynyň hem uly üstünligi. Ilki bilen kompozitor Nury Halmämmedowyň ussatlygy, ýörite film üçin döreden iniňi sandyradýan «Keçpelek» mukamy. Filmdäki sazlar kompozitoryň naýbaşy eserleri bolup taryhymyza girdi. Şu ýerde bu film barada bir maglumaty ýatlap geçmegi makul gördüm. Şol döwürler doly metražly kinofilmi döretmek üçin hökümet tarapyndan 350000-400000 manat goýberilýärdi. «Keçpelek» filminiň edebi esasy Türkmenfilm kinostudiýasynda «döwre wajyp mowzuk bolmanlygy» diýlen kesgitleme bilen kabul edilmeýär. Onsoň kakam filmiň ssenarisini alyp, şol wagtky Türkmen telewideniýesine ýüz tutýar. Kakama ol ssenarini telespektakl görnüşinde sahnalaşdyrmagy maslahat berýärler. Emma, kakam ony diňe film görnüşinde döredilmelidigini nygtap, ony şol wagtky ýolbaşçysy Çary Annagurbanowa subut edýär. Şonda kakama şeýle şert goýýarlar. «Uly filmler döretmek üçin pulumyza ýetenok, eger 45000 (kyrk bäş müň) manada, onda-da jogapkärçiligini üstüňe alan ýagdaýyňda rugsat berýäris» diýip aýdylýar. Geň galmaly ýeri, nädip kakam adaty filmlere goýberilýän puluň bäşden bir bölegine doly metražly filmini, onda-da köpüň halan kinosyny döredip bildikä? Sebäbi filmde çykyş edýän aktýorlara adaty filmdäki ýaly tölegler tölenmän, şol wagtky telespektakl üçin kabul edilen bahalar bilen tölenýär. Mysal üçin Baba Annanowyň bir gününe 7 manat 50 köpük, Nury Halmämmedowa bolsa döredilen dälde, ulanylan sazy üçin diýen bahada tölenipdir. Elbetde, ol uly filmlerdäkiden on esse az bolup durýar. Soň-soňlar kakamdan: — Nädip bu ýagdaýdan çykyp bildiň? — diýip soranym-da ol: «Bilýäňmi, biz ol wagtlar diňe sungat hem halk üçin işleýärdik, döredýärdik. «Pul» diýip çapamzokdyk, näme töleseler şonam alardyk. Bu filmde maňa sungata sarpa goýýan kolhoz başlyk Myratberdi Sopyýew kän goldaw beripdi. Filmiň başyndaky we soňundaky epizotlarda toý sahnalaryny alanymyzda Myratberdi Sopyýewiň ýardamy uly bolupdy. Myratberdi Sopyýew soňky alan işlerimde-de maňa köp goldaw beripdi» diýip gürrüň berdi.
Kakamyň bu aýdan sözlerine özümem 1984-nji ýylda gözli şaýat boldum. Şol mahallar kakam türkmen milli toýy barada çeper filmini döretmäge girişende men filmde gahryman ýigidiň keşbini ýerine ýetiripdim. Film şol wagtky «Sowet Türkmenistany» kolhozynda surata düşürildi. Filmiň toý sahnalaryny taýýarlamakda Myratberdi aga bize uly ýardam beripdi. Gynansak-da, bu film tomaşaçylara ýetirilmändi. Oňa-da ýene milli mesele däp-dessur bahana bolupdy.
Kakamyň ýadymdan çykmajak ýene bir işleriniň biri hem «Gara bägüller» film spektaklydyr. Bu işinde men filmiň baş gahrymany Nediriň keşbini ýerine ýetiripdim. Film spektaklyň ssenarisini Allaguly Rejepow taýýarlap ony öýe kakamyň ýanyna alyp geldi. Olar köp gepleşip bolansoňlar meni ýanlaryna çagyrdylar. Kakam ssenarini görkezip: «Şuny okap gör» diýdi. Ssenariniň baş sahypasyny okadymda:
— Aý, bu bir spektakla, men kinoaktýory. Bu hili diri sahnalary başaryp bilmerin — diýdim welin, kakam Allaguly aganyň ýüzüne seredip: «Aýtdym-a göwnemez» diýip, ýöne hany ilki doly okap görsün, onsoň göribereris» diýdi. Allaguly aga başyny galdyryp: «Inim, sen öň birnäçe filmlerde surata düşdüň, oňararsyň. Kakaň bilen günde işleşip oturyň, onsoňam kakaň çopandanam, ussadanam artist ýasady ahyry» diýip düşündirdi.
Bu film spektaklyň hem býujeti diňe emeli sahna üçin niýetlenen soň döredijilik çägini giňişleýin tutmaga maliýe-harajaty ýetjek däldi. Şonuň üçin kakam köneden bile işleşen ýoldaşlary Artyk Jallyýewe, Liza Garaýewa, Gurbannazar Atakgaýewe, Juma Yazmyradowa, Abdylla Yakubowa, Ogultäç Hanyýewa, Oguldurdy Mämmetgulyýewa, Orazmyrat Gummadowa, Ýagşymyrat Akyýewe, Altyn Hojaýewa we başga-da ýurdumyzyň görnükli artistlerine haýyş edip, olardan keşpleri ýerine ýetirmeklerini sorady. Sungata hakyky berlen ussatlar kakamyň bu haýyşyny kabul etdiler.
Her bir režissýoryň döredijilik işinde öz eli ýa-da onuň ýoly bolýar. Kakam hemme döreden filmlerinde hökman aýdymly sahnalary ulanýardy. Bu işde oňa diňe taýýar öň ýazylan sazlary ulanmaklygy belläpdiler, täze sazy aýdymy döretmäge pul goýberilmändi. Şeýle-de bolsa, kakam bu ýagdaýdanam baş alyp çykdy. Entek filme başlamanka ol bir toýda bagşy Atabaý Çarygulyýewi diňläp, onuň mahmal sesine göwni ýetipdir. Maňa: «Sen wagt ýitirmän bagşy Atabaý Çarygulyýewiň salgysyny tapyp ber» diýdi. «Kaka ol toý bagşysy, efire goýberilmeýär. «Ol professional aýdymçy däl» diýerler — diýdim. Kakam: «Diýsinler, onuň owadan mahmal sesi bar» diýip pikirini üýtgetmedi.
Aradan wagt geçdi, biz kakam bilen Atabaý Çarygulyýewiň «Hitrowka» diýlen ýerde toýda aýdym aýdýandygyny eşidip, onuň bilen şol ýerde görüşdik. Atabaý kakama: «Öwlüýäguly aga, «Keçpelek» filmni döreden Siz ýaly halypa hyzmat etmek mesele däl» diýdi. Şonda kakam Atabaýa: «Inim, seniň film üçin aýtjak aýdymlaryňa hökümedem, menem pul töläp bilmeris» diýende, Atabaý: «Agam, çyn sungat bar ýerinde, puluň gürrüňi ýokdur» diýip jogap beripdi.
Şol film spektaklyň aýdymyny Atabaý Çarygulyýew, sazyny bolsa bagşyň sazandasy, il içinde «Sabo Artykow» diýip, tanalýan sazanda ýerine ýetiripdi. Filmi döredenler diýen ýazgyda olaryň atlary Hojanazar Çarygulyýew we Togrulbeg Artykow — diýlip ýazylypdy.
Görşümiz ýaly Öwlüýäguly aga hakyndaky ýatlamalaryň üsti bilen öten-geçen halypalaryň hem birnäçesini ýatladyk. Sebäbi olaryň ählisem meşhur sungat ussatlary. Ussatlar bolsa unudylmaýar.


Talyp Öwlüýäguly Kulyýew.

Teatral institunyň türkmen talyplary.Oraz Hajymyradow, Setdar Garajaýew, Penjuwar Ylýasow, Gurban Keljäýew, Öwlüýäguly aşaky hatardan sagdan birinji.

Mollanepes tearynyň 1960-njy ýyldaky kollektiwi. Öwlüýäguly ikinji hatardan sagdan birinji.

Aktrisa Liza Garaýewa, režissýor Öwlüýäguly Kulyýew, artist Oraz Çerkezow “Balsaýat we jadylanan Meleguş” atly diplom spektakylnyň tabşyrylyş pursaty.

Dramaturg Güseýin Muhtarow, sungat öwreniji Çary Hajymyradow, režissýorlar Öwlüýäguly Kulyýew we A. Babaýew sahna pursatlaryny maslahatlaşýarlar.

Režissýor Öwlüýaguly Kulyýew iş pursadynda.

Halypa we şägirt:Režissýorlar Öwlüýäguly Kulyýew we Meret Atahanow agtygy bilen baýramçylyk toýunda.

“Keçpelek” filminiň iş pursadyndan. Ortada Öwlüýäguly Kulyýew.

“Keçpelek” filminden iş pursady. Režissýor Öwlüýäguly Kulyýew Berdimyradyň keşbini döreden artist Baba Annanowa berýän görkezme pursady.

Operator Bally Orazow Öwlüýäguly Kulyýew bilen iş pursatynda

“Keçpelek”filmini döredijiler. Ortada dik duran gara könekli Ö. Kulyýew.

“Keçpelek”filminiň iş pursady. Çepden dik duran Ö. Kulyýew.

“Keçpelek”filminden pursat. Çepden saga Begli – Ahmet Kulyýew we Berdimyrat – Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanow.

“Keçpelek”filminden iş pursady. Çepden saga Öwlüýäguly Kulyýew we artist Tagan Saryýew.

“Keçpelek”filminden gelingetiriş pursady.

Artistler Akmyrat Bäşimow we Şükür Kulyýew režissýor Öwlüýäguly Kulyýewiň “Naýza” satiriki kinožurnalyndaky iş pursady.

“Gara bägüller”filmspektaklyndan iş pursady. Çepden saga artist Ýusup Kulyýew, Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewa, režissýor Öwlüýäguly Kulyýew, Türkmenistanyň halk artisti Artyk Jallyýew.

“Gara bägül”filmspektakylyndan iş pursady.

Moskwadaky Lunaçarskiý adyndaky GTIS-iň talyplarynyň 30 ýyldan soňky duşuşyklary.
Akgül Saparowa.
