DÜNÝÄ

ÝUNISEF Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça müdiri bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça müdiri we Ýewropada bosgunlaryň we migrantlaryň meseleleri boýunça ýörite utgaşdyryjysy hanym Afşan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar türkmen hökümeti we ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlyklary boýunça 2016-2020-nji ýyllardaky döwri üçin Döwlet meýilnamasyny bilelikde durmuşa geçirmekde gazanylan netijeleri barada pikir alyşdylar, şeýle hem Türkmenistanda durnukly ösüşiň 2030-nji ýyla çenli düzülen maksatnamasynyň işiniň alnyp barlyşyna garadylar.

Ýurdumyzyň bu guramanyň Durnukly ösüş maksatnamasynyň enäniň we çaganyň saglygy, bilim, iýmitlendirme, çagalaryň hukuklaryny goramak ýaly böleklere degişli işleri durmuşa geçirmekde goldaw berýändigi bellenip geçildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar çaga hukuklaryny goramak hem-de olara ýetip biljek howplardan daşlaşdyrmagy nazara almak bilen, kompýuter tehnologiýalaryň adamlara, hususan hem ýaş nesillere ýetirýän zyýanly täsirini düzgünleşdirmek boýunça işleýän guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetlerini aýratyn ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistan Tbiliside töleg boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi