SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ukrainadaky türkmen raýatlarynyň nobatdaky tapgyry getirildi

Türkmenistan 14.03.2022-nji ýylda  Ukrainada galan raýatlarynyň nobatdaky tapgyryny ýurda getirdi. Bu uçar gatnawynyň amala aşyryljakdygyny ozal habar beripdik.

Düýn irden Warşawa-Türkmenbaşy aralygyna uçuşy amala aşyran “Türkmenhowaýollary” agentliginiň  “Boeing” kysymly uçarynda, Ukrainada dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli  Polşa geçen raýatlar Türkmenistana guramaçylykly getirildi. Has takygy, diplomatik gulluklaryň sazlaşykly işlemegi netijesinde, TUA-3271 ýörite gatnawda  gelen Türkmenistanyň 251 sany raýaty Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinde mähirli garşy alyndy. Olaryň ýurdumyza gelmegi bilen bagly ähli hyzmatlar döwletiň hasabyna amala aşyrylyp, rahat we howpsuz şertlerde ýurda dolanmaklary üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler döredildi. Agzalan raýatlaryň arasynda ähli welaýatlardan ýaşaýjylar bolup, olaryň esasy bölegini talyplar düzýär. Ýurda getirilen raýatlar degişli tertipde karantin gözegçiligini geçenden soňra maşgalalaryna gowşar.

Adam hakda aladany ilkinji  orunda goýýan Türkmenistan “Döwlet adam üçindir” diýen şygary iş ýüzünde ýene-de bir gezek subut etdi.

Mälim bolşy ýaly, 10.03.2022-nji ýylda ýörite gatnaw bilen Rumyniýadan 282 sany Türkmenistanyň raýatlary getirildi.

 

 

Halkara uçar baradaky habarlar: Moskwa we Stambul ugry 

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy

Özbegistan ABŞ bilen wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek boýunça gepleşikleri alyp barýar

Türkiýe : Syýahatçylyk wizasy üçin zerur resminamalar