SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ukrainadaky türkmen raýatlary ýurdumyza getirildi

Türkmenistan Ukrainada galan raýatlarynyň nobatdaky tapgyryny 05.04.2022-nji ýylda ýurda getirdi.

Şu gün daňdan, Stambul-Türkmenabat aralygyna uçuşy amala aşyran “Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Boeing” kysymly uçarynda, Ukrainada dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli Türkiýä geçen hem-de bu ýurtda dürli sebäplere görä galan raýatlaryň bir bölegi ýurdumyza geldiler. Has takygy, “TUA-3922” ýörite gatnawda gelen 290 sany ýolagçylar Türkmenabadyň halkara howa menzilinde mähirli garşy alyndy. Degişli gulluklar tarapyndan,  raýatlarymyza uçuş döwründe we ýurdumyza gelende ähli hyzmatlar ýokary derejede, döwrüň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirildi. Agzalan raýatlaryň arasynda ähli welaýatlardan ýaşaýjylar bolup, olar degişli tertipde karantin gözegçiligini geçenden soňra maşgalalaryna gowşar.

Ukrainadaky ýagdaýlar bilen bagly, raýatlarymyzy guramaçylykly  ýurdumyza getirmek boýunça döwlet tarapyndan edilýän aladanyň ilkinji tapgyry däl. Mälim bolşy ýaly, 10.03.2022-nji ýylda ýörite gatnaw bilen Rumyniýadan 282 sany, 14.03.2022-nji ýylda Polşadan 251 sany Türkmenistanyň raýatlary getirildi.

Şeýlelikde, jemi 823 türkmen raýaty şu tertipde ýurdumyza getirildi.

 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi