BIZNES

Üçünji gezek global ösüş çaklamasyna täzeden seredildi

Halkara Maliýe instituty (IIF), koronawirus wirusy sebäpli 35 günüň dowamynda ählumumy ösüş çaklamasyna täzeden seredip, ony minus 1,5-den minus 2,8-e çenli azaltdy. Maliýe edarasynyň maglumatyna görä, bu kesel sebäpli ählumumy ykdysady ýagdaý çalt üýtgeýär.

Institutyň 2019-njy ýylyň oktýabr aýyndaky maglumata görä, dünýä ykdysadyýetindäki umumy ösüşiň 2,6 göterime barabar boljakdygy mälim edilipdi. Ýiti öýken keseli zerarly dünýäniň jemi içerki önüminiň depginini 2,1 göterim pese gaçyrandygyny we munuň 2009-njy ýyldaky maliýe çökgünlikden hem erbet ýagdaýdygy bellenilip geçildi.

Beýanata görä, Ýewropa sebitiniň ykdysadyýeti üçin 2020-nji ýyldaky ykdysady ösüş çaklamasyny minus 4,7 göterimden minus 5,7 göterime çenli peselden institut, Ýaponiýanyň ykdysadyýetindäki çaklamasyny minus 2,6 göterimden minus 4.2 göterime çenli täzeden gözden geçirdi.

HYTAÝYŇ YKDYSADYÝETI 2,1 GÖTERIM ÖSER

Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüş çaklamalary babatda bolsa, Hytaýyň ykdysadyýetiniň şu ýyl üçin ösüş çaklamasy 2,8 göterimden 2,1 göterime çenli täzeden seredildi.

23-nji martda geçirilen seljermelere görä, şu ýyl 2,9 göterim ösmegine garaşylýan Hindistanyň ykdysadyýetiniň hem 0,3 göterim pese gaçjakdygy aýdyldy.

Türkiýäniň ykdysadyýetiniň şu ýyldaky ösüş çaklamasy 0,6 göterimden minus 2,7 göterime çenli täzeden seredildi.

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler