JEMGYÝET

Täze ýylda – täze hyzmat

Eger-de täze ýylda awtoulag hyzmatlarynyň has-da ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny arzuw edýän bolsaňyz, onda siziň arzuwuňyz eýýäm hasyl bolupdyr.

Türkmenistan gazediniň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi, Täze ýyl baýramy mynasybetli, ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň has-da ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, jemgyýetçilik awtobuslarynyň Aşgabat, Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde şäheriçi ugurlar hem-de Aşgabat şäherinden Gökdepe we Änew şäherlerine şäherýaka ugurlar boýunça 2019-njy ýylyň 31-nji dekabry sagat 05:00-dan 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwary sagat 03:00-a çenli, şeýle hem ýeňil taksi awtoulaglarynyň gije-gündiziň dowamynda hyzmat etjekdigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär. Awtoulag hyzmatlary boýunça soraglar ýüze çykan ýagdaýynda aşakdaky telefon belgiler boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

Aşgabat şäheri — (+99312) 28-58-15, 28-60-30,  28-60-80 we taksi hyzmatlary üçin 76-05-01; 76-05-02; 76-05-03;

Mary şäheri — (+993522) 7-96-22, 5-61-99, 5-60-12;

Türkmenabat şäheri — (+993422) 6-29-01, 6-34-37;

Daşoguz şäheri — (+993322) 6-62-87, 6-07-04;

Balkanabat şäheri — (+993222) 6-79-06, 6-66-06;

Türkmenbaşy şäheri — (+993243) 4-79-24, 4-79-35.

Aşgabat şäherindäki «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki Baş arçada geçiriljek baýramçylyk çäresi tamamlanandan soňra, Arçabil şaýolunyň ugrundan aşakdaky çyzgyda görkezilen şäheriçi awtobuslaryňhereket edip, olaryňbellenen ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrjakdyklary barada Size habar berýäris.

Aşgabat şäherindäki «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki Baş arçada geçiriljek baýramçylyk çäresi tamamlanandan soň, bu ýerden hereket edip başlap, bellenen ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrjak awtobuslar barada maglumat

Ýolagçylaryň jemgyýetçilik awtobuslaryna münýän ýeri

Gündogara gidýän ugurlar: 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8, 9, 10, 11, 12, 13, 14, 15, 16, 17, 18, 19, 20, 21, 22, 23, 26, 27, 28, 29, 30, 31, 32, 33, 34, 35, 36, 37, 38, 39, 40, 42, 43, 47, 53, 55, 56, 57, 58, 60, 69, 72, 73, 77.

Günbatara gidýän ugurlar: 6,10,13,21,25,29,30,33,46,49,50,51,52,56,59,60,61,62,63,64,74.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady