BILIM

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe halkara olimpiadalar we maslahatlar geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna” laýyklykda, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen maksatnamalarda we konsepsiýalarda bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara bilim olimpiadalary we bäsleşikleri, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sanly ulgam arkaly hem-de utgaşykly görnüşde geçirilmegi meýilleşdirilýän bu olimpiadalara, ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary bilen birlikde dünýäniň iri ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hususan-da,

  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasyny,
  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy” atly halkara ylmy-amaly maslahaty,
  • S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we IV açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny,
  • Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady ösüşleriň özeni” atly halkara internet olimpiadasyny,
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary” atly II halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de maliýe dersi boýunça II açyk halkara olimpiadany,
  • Türkmen döwlet maliýe institutynda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary dersi boýunça II açyk halkara olimpiadany,
  • Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika dersi boýunça V açyk halkara internet olimpiadasyny,
  • Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Ýaşyl Zemin — abadan durmuş” atly ýaş fotožurnalistleriň halkara döredijilik bäsleşigini,
  • Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly II halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly II halkara ylmy-taslama bäsleşigini,
  • Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Hytaý: bilim hyzmatdaşlygyna täze itergi

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda bilim ulgamynda ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekiliýeti ABŞ-da saparda bolýar

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny döretmek boýunça nobatdaky duşuşyk

Türkmen talyplary halkara himiýa olimpiadasynda 57 medal gazandy

Türkiýaniň Özdemir Baýraktar adyndaky Milli Tehnologiki talyp haklary maksatnamasyna kabul edişlik başlady