BILIM

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişdiler

Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahaty geçirildi.

Bu forumyň çäklerinde utgaşykly görnüşde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen dünýäniň köp sanly döwletiniň ýokary bilim edaralarynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi.

Hususan-da:

  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmyk döwlet uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň (Gruziýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Norwiç dil bilimi institutynyň (Birleşen Patyşalyk) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hanoý ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň (Wýetnam) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Ankara sosial bilimler uniwersitetiniň (Türkiýe Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan peýdalanmak boýunça milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim beriş edarasynyň «Kazan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň» arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;
  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Westminster uniwersitetiniň (Birleşen Patyşalyk) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Martin Lýuter adyndaky Galle-Witenberg uniwersitetiniň filosofiýa III — pedagogika ylmy fakultetiniň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda akademiki we medeni hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyga;
  • Türkmen döwlet maliýe instituty bilen Azerbaýjan Döwlet ykdysady uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Azerbaýjan Döwlet ykdysady uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Ilçihanasy gyşky “EnglishPalooza” dil okuwyna bellige alşy başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň uniwersitetleri “UI Green Metric 2025” reýtinginde

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň durnukly 10 uniwersiteti yglan edildi: “UC Davis” 7-nji orunda

Pakistan — Türkmenistan: bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda başlangyçlar

Pars dili kurslarynyň gyşky möwsümi üçin ýazylyşyk

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin ygtybarly çeşme: Makul Sözlük

Dr.Döwran Orazgylyjov