JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna sapary başlandy. Saparyň meýilnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Asif Ali Zardari Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşantlary üçin özüniň hormatyny we hoşallygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Hankerwen – 2026-njy ýyl boýunça «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi