JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iň derwaýys meseleleriň hatarynda energetika, ulag, aragatnaşyk we söwda pudaklarynda amala aşyrylýan bilelikdäki işlere garalyp geçildi.

Iň ýokary döwlet we hökümet derejelerinde amala aşyryljak saparlarda gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn şertnamalary we ähtnamalary işläp taýýarlamagy işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Related posts

Birinci Hazar Ekonomik Forumu Bakü’de tanıtıldı

vepa

RECCA : Afganistan’ın kalkınması ve huzuru ana gündem

vepa

Teswirler : Hünärmenler Siziň üçin Teswirleýär

Dr.Döwran Orazgylyjov