DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda geçirilen YHG-niň mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisine gatnaşdy.

Duşuşyga YHG agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem YHG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, sebit guramalary we gurluş bölümleri gatnaşdy.

Duşuşygyň gün tertibine YHG-niň çäginde maliýe we býujet hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem YHG-niň 2025-nji ýyl maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine we bu köptaraplaýyn gurluşyň iş mehanizmlerini gowulandyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow öz çykyşynda halkara jemgyýetçiliginiň jogapkär agzasy hökmünde Türkmenistanyň YHG-niň çäginde sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meselesinde ygrarlydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň guramanyň çäginde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryndaky ornuny, şeýle hem ýurduň YHG-niň ösüş strategiýasy baradaky teklipleri öňe sürdi. Hususan-da, A.Gurbanow gatnaşyjylaryň ünsüni Türkmenistanyň Durnukly ulag birikmesiniň global atlasyny döretmek, Global energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigi we täze ykdysadyýete guralyny döretmek başlangyçlaryna ünsi çekdi.

Mundan başga-da, sebitleýin integrasiýany çuňlaşdyrmak, syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, adam kapitalyny we institusional mümkinçilikleri güýçlendirmek üçin möhüm gural bolan YHG-niň söwda şertnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellendi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň ilkinji ýygnagynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen YHG-niň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda duşuşyk boldy.

DuşuşykdaTürkmenistan bilen YHG-niň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi häzirki ýagdaýy we barada içgin pikir alyşyldy.

Ýene-de okaň

“Gremmi” baýragy: Beýonse we Kendrik Lamar üstünligi

Merkezi Aziýanyň Konsultatiw duşuşygynyň utgaşdyryjylarynyň duşuşygy

Özbegistanyň Prezidenti Malaýziýada saparda bolar

Gyrgyzystanyň Prezidenti Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrar

ABŞ-da 2-nji uçar heläkçiligi

Gyrgyzystan ilkinji ekologiýa taýdan amatly şäher gurlar