JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanç bildirdi hem-de onuň tutanýerli zähmeti we türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlarynyň hemişe hakydamyzda galar diýip belledi.

Milli Liderimiz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana duýgydaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň agyr ýitgi zerarly çürek ýarasyny we hasrat gaýgyny paýlaşmagyna ýokary baha berýändigini we hormat goýýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin doganlyk döwlet bolup, onuň bilen gatnaşyklara uzak möhletlilik we strategik häsiýetiň mahsusdygyny belledi.

Türk Lideri öz nobatynda Türkiýäniň parahatçylyk söýüjilik we döredijilik syýasatyny alyp barýan Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady, şol syýasat ýurda we onuň Baştutanyna dünýä giňişliginde uly abraý getirdi diýip belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar häzirki wagtda türkmen-türk dostlukly gatnaşyklarynyň hil taýdan täze mazmuna eýe bolýandygyny, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy bolsa, döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle hem Prezidentler ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek baradaky pikirlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň we Türkiýänyň Baştutanlary ýurtlaryň mizemez doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlygyny tassyklap, geljekde-de ileri tutulýan ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini bellediler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşlikleri

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty boýunça Konstitusion kanun taýýarlanar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 19-njy sentýabrda geçiriler

Raşid Meredow Waşingtonda Marko Rubio bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Wengriýanyň milli baýramyny gutlady

Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ilçihanasyna resminama tabşyrmagyň günleri köpeldildi

Arkadag lukmançylyk klasteri “Kids EXPO” sergisinde tanyşdyrylar