DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

“kremlin.ru” internet neşiriniň habaryna görä, türkmen-rus strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürilýär. Şonuň bilen baglylykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli birnäçe möhüm ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary koronawirus ýokanjyna garşy bilelikde göre; almak barmak babatda hem pikir alyşdylar.

Şeýle hem Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy sammitine hem-de ikinji Hazar ykdysady Foruma görülýän taýýarlyklar hem maslahatlaşyldy. Bu ýokary derejedäki sammitleri şu ýyl geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentine kakasynyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentine kakasynyň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny hem iberipdi.

 

“Mançester Siti” – Liganyň kubogyny gazandy

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görýär

Türkmenistan wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşdy