DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn saparlaryň tejribesini iň ýokary we ýokary derejelerde dowam etdirmegiň, şeýle hem iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Ministrler halkara guramalarynyň çägindäki syýasy dialogyň we konstruktiw hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna ýokary derejeli Gruziýanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlygyň ýene bir subutnamasydyr.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary söwda- ykdysady gatnaşyklary, şol sanda ulag, logistika we energetika ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Taraplar hormat we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy