JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Gazagystan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär, ýokary derejedäki şu günki ikitaraplaýyn taryhy duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şol gatnaşyklar iki doganlyk halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy taryhy köklerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanandyr.

Söhbetdeşler dostlukly, ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň eýe bolan mümkinçilikleriniň hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Iki döwletiň Baştutanlary özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň maksatlaryna kybap gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar üçin uly kuwwatyň bardygyny bellemek bilen, türkmen-gazak gatnaşyklaryna mahsus bolan özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň geljekde hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň ygtybarly kepili bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

 

Türkmenistandan Russiýa nobatdaky uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Ýene-de okaň

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri