BIZNES

Türkmenistanyň tebigy gazy Pakistanyň ykdysadyýeti üçin möhüm

Pakistanyň energetika ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Muhammed Ali Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen duşuşdy. Pakistanyň ygtyýarly wekili Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi boýunça 2023-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistan bilen şertnama baglaşyljakdygyny belledi. Bu barada Pakistanyň Maglumat we radioýaýlymlar ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Pakistanyň ministri öz ýurdunyň hökümetiniň TOPH taslamasyna möhüm taslamalaryň biri hökmünde garalýandygyny belläp, türkmen gazynyň Pakistanyň ykdysadyýetindäki ähmiýetiniň uludygyny belledi. Taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde onuň öz miwelerini berjekdigi bellenildi. Taraplar bu taslama boýunça iş toparynyň mejlislerini yzygiderli guramak babatda ylalaşdylar.

2023-nji ýylyň iýunynda Pakistanyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şehbaz hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny tizleşdirmek babatda bilelikdäki meýilnama gol çekdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder