BILIM

Türkmenistanyň serhet institutyna 2024/2025-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris.

2. Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 okuw ýyly. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haklary we umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.

3. Serhet institutyna dalaşgärleri seçip almak we resminamalaryny kabul etmek işleri 2024-nji ýylyň 31-nji martyna çenli geçirilýär.

Okuwa öwrenilýän dalaşgärleriň ýaş derejeleri şu aşakda görkezilen tertibe laýyklykda kesgitlenilýär:

— orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin ýagdaýda girmäge isleg bildirip arza ýazan raýatlaryň 24 ýaşy dolýança;

— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan raýatlar, çagyryş boýunça harby gullugy geçmezden 25 ýaşy dolýança;

— borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň 25 ýaşy dolýança.

Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

4. Instituta dalaşgärler şu aşakda görkezilen resminamalary doly we anyk taýýarlamaly:

— dalaşgäriň Serhet institutynyň rektorynyň adyna ýazan arzasy (habarnamasy). Arzada (habarnamada) dalaşgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi we ýeri, bilimi, okan (okaýan) ýeri, gulluk edýän, işleýän ýeri we wezipesi, harby ady, hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy, okuwa kabul edilmegi barada haýyşy, ýurduň islendik künjeginde gulluk etjekdigi barada görkezilmeli;

— şahsy maglumaty we terjimehaly;

— ýaşaýan ýeri we maşgala agzalary barada güwänama;

— ata-enesiniň işleýän ýerinden berlen güwänama (eger işlemeýän bolsalar, işlemeýändigi barada güwänama);

— eger dalaşgäriň ejesi ýa-da kakasy aradan çykan bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da aýrylyşan bolsalar RÝNÝ bölümi tarapyndan berlen resminamanyň nusgasy;

— dalaşgäriň soňky okan, işlän ýa-da gulluk eden ýerinden häsiýetnamanyň asyl nusgasy;

— Serhet institutynda okamaga ýaramlydygy barada saglyk güwänamasy;

— pasportynyň göçürmesi (eger-de dalaşgär raýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Içeri işler bölüminden pasportyň resmileşdirilmändigi barada güwänama);

— harby şahadatnamasynyň göçürmesi;

— eger işleýän bolsa edaranyň işgärler bölümi tarapyndan gol we möhür bilen tassyklanan zähmet depderçesiniň göçürmesi;

— orta bilim, başlangyç hünär ýa-da orta hünär bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— 1 sany 9х12 ölçegde, 9 sany 3х4 ölçegde başgapsyz düşülen fotosuratlary. Çagyryş ýa-da borçnama boýunça harby gullugy geçýän dalaşgärler fotosurata harby lybasda düşmeli.

Dalaşgärler nädogry beren maglumatlary we resmi iş kagyzlary üçin şahsy jogapkärçilik çekýär.

Raýat dalaşgärler giriş synaglaryny tabşyrmaga gelenlerinde öz ýanlary bilen pasportyny, çagyryş boýunça harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, çagyryş we borçnama boýunça harby gullukçylar harby şahadatnamasyny getirmeli.

5. Serhet institutyna okamaga isleg bildiren dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda türkmen dili, Türkmenistanyň taryhy, matematika boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça synaglar kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.

6. Serhet institutyna okuwa isleg bildirenler resminamalaryny tabşyrmak üçin ýaşaýan ýerlerine golaý Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli bolan harby bölümlerine ýüz tutmaly.

7. Dalaşgärler Serhet institutyna giriş synaglarynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda, Seçip alyş iş toparynyň geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Serhet institutyna okuwa kabul edilýär.

Türkmenistanyň Serhet institutynyň salgysy:
Aşgabat ş, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 175-nji jaýy; tel.: 40-49-60, 40-49-61, 40-49-26.

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler