JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby çapdan çykdy

Milli Liderimiz Ministirler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde yene bir kitabyny tamamlandygyny mälim etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň ata Watanymyzyň ýüregidigini, Aşgabadyň dünýäniň iň owadan  şäherleriniň biridigini belledi. Aşgabadyň taryhy geçmişiň hem merkezidini bellän milli Liderimiz ýazuw çeşmelerinde paýtagtymyzyň 140 ýyllyk taryhynyň hem saklanyp galandygyny aýtdy.

Aşgabadyň “aşyklaryň şäheri” hökmünde tassyklanandygyny, onuň dürli ugurlarda ösdürilmegi ugrunda köp sanly desgalaryň gurlandygyny, şäheriň köp sanly desgalarynyň özboluşly aýratynlyga eýe bolandygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini belledi.

Aşgabadyň 140 ýyllyk taryhynda köp sanly kynçylyklary başdan geçirendigini bellän milli Liderimiz şäheriň täzeden dikeldilendigini belläp geçdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, “Ak şäherim Aşgabat” atly täze çapdan çykan kitabynyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna sowgat bolar. Kitap baý taryhy maglumatlara baý bolup, onda Aşgabat şäheriniň dürli döwürleri barada gyzykly wakalar beýan edilýär. Kitapda Aşgabat şäheriniň häzirki keşbi dogrusynda hem okyjylary gyzyklandyrjak maglumatlar köpdür.

Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylardan bu kitabyň tanyşdyrylyş dabaralaryny gurnamagy tabşyrdy.

Uruş weteranlary pul baýraklary bilen sylaglanar

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi