JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Awaza forumynda öňe süren başlangyçlary

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy we birinji plenar mejlisi geçirildi.

Foruma döwlet we Hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleri, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 40-a golaý ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 160-dan gowrak wekili geldi.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy hökmünde çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy saýlanylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, hemmeleri bu foruma gatnaşýandyklary üçin Türkmenistanyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlady hem-de minnetdarlyk bildirdi.

Biziň şu maslahatymyzda seredilýän meseläniň ählumumy ähmiýeti bardyr. Ol halkara işiň esasy ölçeglerini, ýagny ynsanperwer, ykdysady, durmuş, ekologiýa we beýleki ugurlary öz içine alýar.

Ilkinji nobatda, ynsanperwer meseleleriň möhümdigini bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň adama, onuň isleglerine we zerurlyklaryna gönükdirilendigi bellenildi. Bu syýasat şahsyýetiň mümkinçiliklerini, döredijilik kuwwatyny ýüze çykarmakdan, ruhy we beden saglygyny üpjün etmekden, kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.

LUKMANÇYLYK ULGAMYNDA HALKARA BAŞLANGYÇ

Döwlet Baştutanymyz bu forumyň münberinden «Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk» başlangyjyny öňe sürüp, bolup geçen dünýä pandemiýasynyň, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýüze çykýan häzirki meseleleriň, keselçilikleriň we epidemiýalaryň raýdaşlyk we özara goldaw düşünjesiniň dünýä möçberinde adamyň saglygy, saglygyny goramaga hem-de bejergä bolan düýpli hukugy bilen birmeňzeşdigini görkezýändigini nygtady.

WODOROD ENERGETIKASY BOÝUNÇA MÖHÜM BAŞLANGYÇ

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşyl» gün tertibi bilen baglylykda, ulag ugurlarynyň ekologik howpsuzlygynyň bu işde örän möhüm mesele bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu wezipäni, ilki bilen, häzirki zaman tehnologiýalaryny çekmek arkaly çözüp boljakdygyny görýäris. Türkmenistan beýleki ugurlarda, şol sanda energetika babatda hem ekologiýa meselesine uly ähmiýet berýär. «Ýaşyl» energetika düşünjesi häzirki döwürde ýurduň içinde hem, halkara energiýa giňişliginde hem biziň energetika pudagyndaky işimiziň hökmany, düýpli ölçegi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz 2030 — 2040-njy ýyllar aralygyndaky döwür üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi we geljek ýyldan başlap, Birleşen Milletler Guramasynda şu maksatnamany işläp taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip etdi.

SUW MESELESI BOÝUNÇA ESASY 3 UGUR

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň howa babatdaky meselesi Hazar deňzini gorap saklamak we Araly halas etmek ýaly meseleler bilen baglydyr. Şu foruma gatnaşyjy birnäçe döwletler üçin Hazar deňzi dünýä ummanyna çykmagyň örän möhüm suw ýoly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şunuň bilen baglylykda, hemmeleriň deňziň ekologik abadançylygyna gyzyklanma bildirýändigine, munuň bolsa onuň ykdysady we ulag mümkinçiliklerine gönüden-göni täsir edýändigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň tutuş suw meselesi toplumyna seretmegiň şu üç sany binýatlaýyn kada, ýagny halkara hukugyň berjaý edilmegine; bähbitleriň özara hasaba alynmagyna; halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagyna esaslanmalydygyna ynanýandygyny nygtady.

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk döwletimiziň ileri tutýan ugry bolan we bolmagynda galýan daşary syýasatymyzyň filosofiýasyny aňladýar.

Bu doly derejede häzirki foruma hem degişlidir. Biz Birleşen Milletler Guramasy, dünýäniň onlarça ýurtlaryndan bolan dostlarymyz hem-de pikirdeşlerimiz, abraýly halkara guramalar bilen Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň meseleleri, olary çözmegiň ýollary barada garaýyşlarymyzy beýan edýäris. Özi-de döredijilik we deňhukuklylyk, özara hormatlamak hem-de bähbitleri hasaba almak bilen, biziň halklarymyz, adamlarymyz, olaryň häzirki we geljekki durmuşy barada alada etmek bilen, garaýyşlarymyzy beýan edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu ýoluň dogrudygyna hem-de bilelikde üstünliklere ýetiljekdigine ynam bildirdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi

“Makul habar” elektron gazeti (33-sany)

Ata Watan Eserleri

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berildi

Ata Watan Eserleri