DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň telefon söhbetdeşligi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Premýer-ministr Fumio Kisida köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmen-ýapon gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini, däp bolan köpýyllyk dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanyny hem-de onuň üsti bilen Ýaponiýanyň ähli dostlukly halkyny şanly sene bilen gutlap, geçen 30 ýylda özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmeginde uly ösüşlere ýetilendigini, Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň syýasy gatnaşyklary, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Bu gün iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Muňa dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça möhüm başlangyçlaryň hem-de teklipleriň özara goldawa eýe bolýandygy-da şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy ýurtlarymyzyň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellediler. Olar özara bähbitli gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilik döredýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Ýurtlarymyz pudaklaryň giň toplumy boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda öňde goýlan wezipeleriň amala aşyrylmagyna uly goşant goşýandyklary nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow himiýa we gazy gaýtadan işleýän pudaklarda tagallalary birleşdirmegiň oňyn netijelerini mysal hökmünde getirdi. Şeýle hem ýurdumyzda täze elektrik beketleriniň gurluşygynda Ýaponiýada işlenip taýýarlanylan ýokary tehnologiýalaryň we enjamlaryň giňden peýdalanylýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Günüň dogýan ýurdy bilen döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, geljekde-de ýapon kompaniýalarynyň Diýarymyzda netijeli işlemegine zerur goldawyň beriljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Kumamoto şäherinde geçiriljek dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda suw serişdeleriniň tygşytly hem-de netijeli peýdalanylmagynyň durnukly ösüşiň esasy kepili bolup durýandygyny nygtady. Suw meselesi halkara bileleşigiň öňünde durýan möhüm meseleleriň biridir, onuň oňyn çözülmegi ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Fumio Kisida birek-birege berk jan saglyk hem-de uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik ýapon tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

 

Hormatly Prezidentimiz telekeçileriň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdy

Ýene-de okaň

Lukaşenko we 4 dalaşgär prezidentlige dalaş eder

GDA-nyň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçiriler

Prezidenti we Premýer-ministri zenan bolan ýurt

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

Ata Watan Eserleri

1-10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl dabaralary guralar

Eýranyň medeniyet geňeşçisi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady