JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Baş arçasynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy hem-de “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançasynda geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň şatlyklaryna goşuldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Milli Liderimiz “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançasynda oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda ýaş türkmenistanlylar garşylady. Olar milli Liderimize goşgy okap berdiler.

Soňra milli Liderimiz bagtyýar nesiller bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlandy. Bu ýerde bagtyýar nesillere hormatly Prezidentimiziň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz çagalaryň haýyşy boýunça ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda ajaýyp baýramçylygyň hormatyna ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Täze ýyl dabaralary ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda dowam etdi. Bu ýerde bagtyýar nesilleriň şadyýan çykyşlary tomaşa edildi.

Dabaranyň dowamynda bagtyýar nesilleriň dürli dillerde ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary we joşgunly tanslary bu ýerde guralan dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi.

Ýaponiýada “Sagdyn ömür dowamlylygy” rekord goýýar

 

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy