JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň iň uly metjidine baryp gördi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystana amala aşyrýan ilkinji döwlet saparyny Astana şäheriniň Baş metjidine baryp görmek bilen jemledi. Munuň özi gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlara aýratyn hormat-sarpany alamatlandyryp, ynsanperwer ýörelgeleriň döwletara gatnaşyklar derejesinde özboluşly dabaralanmasyna öwrüldi.

Şu ýylyň 12-nji awgustynda açylan bu täze metjidiň diňe bir Gazagystanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada iň uly metjit bolandygyny ilkinji nobatda aýtmak gerek. Ol öz göwrümi bilen dünýäniň iň uly metjitleriniň ilkinji onlugyndan hem mynasyp orun aldy.

Astananyň Baş metjidiniň umumy meýdany 68062 inedördül metre deň bolup, uly gümmeziniň uzynlygy 83,2 metre, diametri bolsa 62 metre ýetýär. Ol her biriniň uzynlygy 130 metre deň bolan minaralaryň dördüsini özünde birleşdirýär. Metjitde birbada 235 müň adama namaz okamaga mümkinçilik bar. Musulman dünýäsiniň bu özboluşly desgasy we onuň çäginden uzalyp gidýän seýilgäh eýýäm gazak paýtagtyna barýan syýahatçylary özüne çekýän täze nokada öwrüldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar