DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti çagalara sowgat berdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň hormatly myhmany boldy. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde bellenilip geçilýär.

Döwlet Baştutany bu ýerde terbiýelenýän çagalary Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlap, olara baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy. Döwletliler köşgüniň iň ýaşajyk nesillerine dürli oýnawaçlar – maşyndyr gurjaklar berildi. Uly ýaşdaky ýaş türkmenistanlylara “Ipad” sowgat berildi. Şeýle hem ähli ýaşlara tomusky sport egin-eşikleriniň toplumy sowgat edildi.

Köşkde terbiýelenýän hem-de köp sanly halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi bolan “Joşgun” toparynyň ýaşajyk wekilleri dürli aýdym-sazly çykyşlaryny görkezdiler.

 

 

Türkmenistanda metjitleriň gurluşygy üçin haýyr-sahawat hasaby açyldy

 

Related posts

2024-nji ýylda Russiýada prezident saýlawlary geçiriler

Türkmenistandaky Täze ýyl baýramy hytaý teleýaýlymynda

Türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy