JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýene-de Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Myhman türkmen tarapynyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge we uzak möhletleýinlik, özara hormat goýmak esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga işjeň çemeleşýändigine ýokary baha berip, parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm we strategik hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Şeýle hem belent mertebeli myhman ýurdumyzda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin döredilen mümkinçiliklere hem-de bu ugurda Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi we munuň üçin döwlet Baştutanymyza BMG-niň ähli wekilleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýyl ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda ähmiýetli sene bolup durýar. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagyna 30 ýyl bolýar. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine üns çekildi.

Ine, şu günler hem Hazar deňziniň türkmen kenarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirilýär. Bu ýokary derejeli maslahatyň Türkmenistanda geçirilmegi bolsa hyzmatdaşlygymyzyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek häzirki döwürde möhüm bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we özara sebit gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegini goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň – hökümetleriň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň, akademiki bileleşikleriň, raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda on ýylda bir gezek geçirilýän bu möhüm çäräniň dünýäde durnukly ösüşi gazanmakda, özara arabaglanyşygy ýola goýmakda we ulag geçelgelerini döretmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandy üçin Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

BMG-niň Awaza forumy: resminamalar toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy

Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty başlady

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň forumy üçin Awaza geldi