JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi.

Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda ýola goýlan özara hereketleriň netijeli häsiýeti nygtaldy. Şu ýyl bu hyzmatdaşlyga 25 ýyl dolýar. Geçen döwrüň içinde bu bank Türkmenistanda durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin uly ähmiýete eýe bolan köp sanly taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Bu taslamalar ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny, hususan-da, energetika, ulag, saglygy goraýyş ýaly ulgamlary öz içine alýar. Häzirki wagtda ýurdumyz bilen bu maliýe guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar 2024 — 2028-nji ýyllarda Türkmenistan üçin hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde amala aşyrylýan taslamalaryň ýurdumyzyň ykdysady, söwda, ulag we energetika ulgamlaryny ösdürmäge ýardam berýändigine aýratyn üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda makroykdysady syýasaty ösdürmek, maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ulgamdaky özara hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler. Geografik taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenistana ulag-logistika pudagyny ösdürmäge berk esaslary döredýär. Bu ugurda ýurdumyz demir ýol ulagy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça Aziýanyň ösüş banky bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge möhüm ähmiýet berýär.

Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz we maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegiň hem maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, hususy pudagy ösdürmek maksadyna laýyklykda, bu düzümiň ýurdumyzyň banklary bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurdygyny belledi.

Ýene-de okaň

Eýranyň daşary işler ministri Aşgabatda saparda boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň kömegi bilen 4000 töweregi adam Eýrandan öz Watanyna gaýdyp bardy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen YHG-nyň daşary işler ministrleri kararnama kabul etdi

Ata Watan Eserleri

1 million tonnadan gowrak türkmen bugdaýy taýýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Eýrandan gelýän ýolagçylar üçin bökdençsiz uçuşlary amala aşyrýar

Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýy çözmäge gatnaşmaga taýýardyr

Ata Watan Eserleri