DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Ahmet Çalygy kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz işewüre Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirip, türk kompaniýalary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi. Durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalar, şol sanda elektroenergetika ulgamyndaky taslamalar bu hyzmatdaşlygyň aýdyň miweleridir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iň ýokary tehnologiýalar esasynda enjamlaryň abatlanylmagyny we uzak möhletleýin işledilmegini üpjün edip biljek Merkezi Aziýadaky ýeke-täk kärhananyň açylmagynyň ähmiýetini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek arkaly milli ykdysadyýetiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän dürli maksatly desgalaryň köp sanlysynyň gurulmagyny göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ýokary tehnologiýaly merkeziň ulanmaga berilmegi bilen gutlady hem-de ýolbaşçylyk edýän holdinginiň bu taslamanyň amala aşyrylmagyna gatnaşandygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi. Ahmet Çalyk täze önümçilik desgasynyň hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň hem-de elektroenergetika pudagynyň ösdürilmegine başlangyçly çemeleşmesiniň netijesidigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň şu günki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde dünýä belli “General Electric” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň hem-de desgalaryň şertnamada bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň türkmen tarapynyň esasy şerti bolandygyna we şeýle bolmagynda-da galýandygyna ünsi çekdi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasyna bardy

Ýene-de okaň

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy