BILIM

Türkmenistanyň «Memoriad 2024» bäsleşigine gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew bilen BAE-däki «Centour Group Dubai» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory jenap Jeýkob Zahariýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar 2024-nji ýylyň 6-10-njy noýabry aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriljek «Memoriad 2024 Bütindünýä akyl sport oýunlarynyň» BAE-däki tapgyryna Türkmenistanyň gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu abraýly çäräniň guramaçylyk işlerini «Centour Group Dubai» kompaniýasynyň bölümçesi «Sparkler MindsEducation» kompaniýasy alyp barýar we ol bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistandan 17 sany zehinli ýaşlar we 2 sany tälimçi çagyryldy.

Duşuşykda bä çärä taýýarlyk işleri we Türkmenistanyň gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyk, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we Türkmenistanyň zehinli ýaşlarynyň bu halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etmegini üpjün etmek maksady bilen geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy