JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlary barada maglumatlar

Türkmenistanyň Prezidenti  Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisiň täze saýlanan deputatlary barada maglumatlar:

  • Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 125 adam, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 65 (52 göterim), Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 18 (14,5 göterim), Agrar partiýadan 24 (19 göterim), raýatlaryň toparlaryndan 18 (14,5 göterim) adam saýlanyldy.
  • Mejlisiň saýlanan deputatlarynyň 25,60 göterimi zenanlar, 99 göterime golaýy ýokary bilimli raýatlardyr.
  • Şolaryň 10 göterime golaýy ýaşy 30-a çenli, 40,80 göterimi bolsa ýaşy 40-a çenli bolan adamlardyr.
  • Saýlanan deputatlaryň 45 göterimi ylym, bilim ulgamlarynda, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynda, 11 göterimi saglygy goraýyş, 6 göterimden köprägi maliýe we ykdysadyýet, 5 göterimi durmuş üpjünçiligi, 4 göterimi oba hojalyk ulgamlarynda, şeýle-de beýleki ulgamlarda zähmet çekýän raýatlardan ybarat.

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy