Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar” atly ylmy elektron žurnalyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, teklip edilýän žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde ýylda iki gezek elektron görnüşde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek meýilleşdirilýär. Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, lukmanlaryň, alymlaryň bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş işleriniň nazary-amaly meselelerine bagyşlanan makalalaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Onda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň lukmançylyk diplomatiýasy boýunça kesgitlän wezipelerine, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde ýetilen sepgitlere, bu ugurda halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen üstünliklere, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk ylmyndaky täzeliklere aýratyn orun berler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamaga we olaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmekde sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar» atly ylmy elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.