IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Türkmenistanyň Içeri işler Ministrliginiň Instituty:Okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandy

1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna içeri işler edaralarynyň işgärlerine bildirilýän talaplara doly gabat gelýän, orta we orta hünär bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli 26 ýaşy dolmaýan erkek raýatlar, şeýle hem 18 ýaşdan kiçi bolmadyk we 23 ýaşy dolmadyk zenan raýatlar kabul edilýär.
2. Şu aşakdaky fakultetlere okuwa kabul edilýär:
— hukuk fakulteti;
— ýörite edaralar fakulteti;
— ýangyn-tehniki fakulteti;
— içerki goşunlar fakulteti.
3. Dalaşgärleriň resminamalary ministrligiň institutynyň okuw
merkezinde 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli kabul edilýär.

Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 2056-njy (Ş.Ba­ty­row) kö­çe­si­niň 9-njy ja­ýy.
Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 36-45-17, 36-44-97.

 

Ýene-de okaň

ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy: biz iş tejribeligine çagyrýarys!

Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan boş iş orny

Görogly etrabynyň prokuraturasynyň edara binasynyň gurluşygy üçin bäsleşik

Adalat ministrliginiň adalat edaralaryny gurmak boýunça bäsleşik

Aşgabatda täze seýilgäh gurlar

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler