JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy döredildi

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: «Biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň Prezidiumyny – Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hasabat berýän hemişelik hereket edýän kollegial edarany döredýäris» diýip belledi. Bu barada Halk Maslahatynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Täze edaranyň düzümine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary, Türkmenistanyň Baş prokurory, Türkmenistanyň Adalat ministri we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň başlyklary girýär.
Prezidium Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek boýunça işi guramak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamasyna meseleleri girizmek hakynda çözgütleri kabul etmek, Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan başga çözgüt kabul edilmese, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesini, wagtyny we ýerini kesgitlemek, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny çagyrmak we geçirmek bilen bagly hem-de öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözmek işini alyp barar.

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi