DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri G.Amilahwariniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar ylym, bilim we ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar boýunça  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de bilelikdäki taslamalary, maksatnamalary taýýarlamak, Türkmenistanda we Gruziýada geçirilýän halkara olimpiadalara, konferensiýalara, seminarlara we beýleki çärelere mekdep okuwçylaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynyň hem-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara gol çekmek meselelerine garaldy.

G.Amilahwari ylmy-bilim pudagy döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy. Şeýle hem ol, bu ugurdaky gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň dostlugyny berkidýändigini we özara düşünişmegiň esasy serişdeleriniň biri hökmünde çykyş edýändigini belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy