SPORT

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Hytaýda türgenleşik geçirýär

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda 2024-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň öňüsyrasy Hytaýyň Dalian şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysy okuw ýygnanyşygynyň dowamynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. Bu barada Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzümi saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin milli ligalarymyzda çykyş edýän futbolçylaryň 23-sini çagyrandyklaryny bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň “K” toparçasynda Indoneziýanyň hem-de Hytaý Taýpeýiniň ýygyndy toparlary bilen duşuşar. “K” toparçanyň duşuşyklary 6-12-nji sentýabr aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Indoneziýada geçiriler.

Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2024-nji ýylda Katar döwletinde geçiriler.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler