Ägirt uly energetika serişdelerine baý bolan we uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artmagy ýurdumyzda “Açyk gapylar” syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, deňhukukly we özara bähbitli esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hem-de Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda pudagyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr.
Energiýa serişdelerini öndürmek hem-de olary ibermek we elbetde, sarp etmek ulgamlaryny öz içine alýan ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Hut şeýle toplumlaýyn çemeleşme Bitarap Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Bu syýasat ýurdumyzyň bu ulgamdaky başlangyçlarynyň hem-de iş ýüzündäki hereketleriniň mazmunyny we ugurlaryny kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly wekilleriň çykyşlarynda döwletimiziň döredijilikli teklipleriniň ähmiýetine üns berildi. Şol teklipler dünýä bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp boldy, BMG-niň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyndaky ýörite Kararnamalary bilen berkidildi.
Energetika howpsuzlygy ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň möhüm şerti bolmagynda galýar. Bu ugurda Türkmenistan döwlet strategiýasynyň anyk kesgitlenen ýörelgelerine, öz serişde binýadyna hakyky baha bermegiň we ondan peýdalanmagyň geljek üçin mümkinçiliklerine esaslanyp hereket edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny goramaga, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge gönükdirilen taslamalar we maksatnamalar bilen işjeň çykyş edýär we bu EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisindäki milli bölümimizde aýdyň beýan edilýär.
Rahat Berdiyew,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniñ
1-nji ýyl talyby.