BILIMJEMGYÝET

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Mälim bolşy ýaly, daşary ýurtda bilim almak isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin bilim aljak ýokary okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawynda bolmagy maksadalaýyk hasaplanýar.

Ol ilkinji nobatda, daşary ýurtda bilim alan raýatyň Türkmenistanda diplomynyň ykrar edilmegi babatda möhümdir. Şonuň üçin her ýyl Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawy taýýarlanýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bu sanawy dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň («Academic Ranking of World Universities», «QS World University Rankings», «Три миссии университета» we «The Times Higher Education World University Rankings») kesgitleýän sanawyna esaslanyp düzýär.

Biz hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hökmünde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawyny ýetiripdik.

Şol bir wagtda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawyny özüniň education.gov.tm resmi internet sahypasynda ýerleşdirdi.

Şol sanaw şeýleräk:

2026 The Times Higher Education World University Rankings

2026 QS World University Rankings 1.2

2026 ARWU

“Uniwersitetiň üç wezipesi” atly Moskwanyň halkara reýtingi

MAHABAT:

Türkiýäniň abraýly ýokayr okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän bolsaňyz, onda
“Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň hyzmatdaşlarynyň ýörite tekliplerinden peýdalanyp bilersiňiz.
Has giňişleýin maglumat almak üçin biziň bilen habarlaşyň:
+993 62 60-52-61
+993 63 78 96 73
Häzir ýüz tutuň we arzuw edýän hünäriňize ilkinji ädimi ädiň!  
https://atavatan-turkmenistan.com/2026-njy-yyl-ucin-turkmenistan-tarapyndan-diplomy-ykrar-edilyan-halkara-uniwersitetler/

 

Ýene-de okaň

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar