BILIM

Türkmenistanyň bilen Russiýanyň bilim hyzmatdaşlygynyň ýol kartasyna gol çekildi

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen we rus tarapynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokerguly Atagulýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin ýolbaşçylyk etdiler.

Mejlise iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, işewür we ylmy gurşawyň wekilleri gatnaşdylar. Ykdysadyýet, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş, şeýle hem ylym we bilim ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrligi arasynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama umumy we orta hünär bilimi ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, mugallymçylyk tejribesini alyşmaga, sanly bilim gurşawyny ösdürmäge hem-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ýol kartasy bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagy hem göz öňünde tutýar, şol sanda: 

Ýol kartasyna gol çekilmegi hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we halkara derejesine çykarmak boýunça alyp barýan strategik ugruny durmuşa geçirmegiň möhüm ädimi boldy. Şeýle hem bu waka Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ynsanperwer hyzmatdaşlygyny berkitmäge bolan islegleriniň tassyklandygyny görkezýär.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy