BIZNES

Türkmenistanyň aýry-aýry etraplarynda Gün elektrostansiýalary gurlar

«Türkmenenergo» energetika korporasiýasy Türkmenistanyň uzakdaky ilatly nokatlarynda umumy kuwwatlylygy başlangyç tapgyrda 6 MWt-dan köp bolan Gün elektrik beketlerini gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmenenergo» korporasiýasynyň energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek gullugynyň başlygy Döwlet Allaýarow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatynda belledi.

Allaýarowyň bellemegine görä, ýurdumyzyň hünärmenleri energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda halkara tejribesini öwrenýärler we bu ugurda öz işläp taýýarlamalaryny alyp barýarlar.

Çykyş edenleriň pikirine görä, bu ýurtda «ýaşyl» tehnologiýalaryň ösmegine, daşky gurşawyň goraglylygyna we tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanmagyna ýardam eder.

Related posts

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar berkeýär

Türkmenistanda 1574 megawatlyk elektrik stansiýasy gurlar

Ata Watan Eserleri

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

Leave a Comment