BILIM

Türkmenistanly okuwçy Kaliforniýada klub Prezidentligine täzeden saýlandy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatyndaky iň abraýly orta mekdeplerden biri bolan Davis Senior High School mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy, türkmenistanly Ysmaýyl Orazgylyjow, mekdepde hereket edýän Game Development Club atly klubyň prezidentligine gaýtadan saýlandy.
Häzirki wagtda elektron oýunlar (e-oýunlar) senagaty dünýäde milliardlarça dollarlyk ykdysady ugra öwrüldi. Kompýuter programmirlemek ulgamynyň möhüm bölegi bolan oýun döretmek ugrunda bilimli we başarnykly ýaşlaryň orny barha ýokarlanýar.

Ysmaýyl Orazgylyjowyň okaýan Davis Senior High School mekdebi Kaliforniýanyň we ABŞ-nyň iň öňdebaryjy mekdepleriniň biri bolup, okuwçylarynyň halkara derejesindäki üstünlikleri bilen tanalýar. Mysal üçin, “Statbotics” guramasynyň maglumatlaryna görä, bu mekdebiň robotika topary — Team 1678 (Citrus Circuits) — dünýäniň iň güýçli robot öndüriji toparlarynyň biridir.


Bu topar 10 ýyl yzly-yzyna “Einstein sahnasyna” çykyp, halkara derejesinde iň meşhur robotika toparlarynyň biri hökmünde tanalýar. “Statbotics” maglumatlaryna görä, birnäçe ýyl dünýäde 1-nji orny eýeläp, ABŞ boýunça hem birnäçe gezek ilkiniň üçlüginde görkezilipdir.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy