SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Kazana hepdede 2 gatnaw bolar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde adaty uçar gatnawlarynyň sanyny artdyrýar.  Bu barada awiakompaniýa habar berdi.

Awiakompaniýanyň habaryna görä, 1-nji iýuldan Türkmenistandan Kazana amala aşyrylýan uçar gatnawlary hepdeden 1 gezekden 2 gezege çykarylýar. Ozal her hepdäniň çarşenbe günleri Kazana gatnawlar amala aşyrylýan bolsa, indiki aýdan hem çarşenbe hem-de ýekşenbe günleri ýerine ýetiriler.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdan Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherine adaty gatnawlar şu ýylyň 1-nji iýunynda ýola goýlupdy. Ol hem koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň kadalaşmagy bilen amal boldy.

Birnäçe sagat öň, habar berşimiz ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy iýul aýyndan Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine hem hepdede 2 gezek adaty gatnawlary ýola goýmagy meýilleşdirýär.

 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Moskwa adaty uçar gatnawlary başlaýar

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar