BIZNES

Türkmenistandan Gazagystana mekdep partalary eksport edildi

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda «Aýbölek» mebel kärhanasy Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň täze açylýan 400 orunlyk binasy üçin niýetlenen ýokary hilli partalary eksport etdi. Bu barada “turkmenmetbugat.gov.tm” habar berýär.

Milli önümlerimiziň daşary ýurtlara eksportynyň artdyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Işewür düzümler hem bu işlere mynasyp goşandyny goşýar. Ýeri gelende bellesek, «Aýbölek» mebel kärhanasy geçen ýylyň sentýabrynda hem Gazagystan Respublikasynyň Alma-Ata şäherindäki Gazak milli uniwersitetiniň ýanynda ulanyşa berlen 720 orunlyk döwrebap orta mekdep üçin partalary eksport edipdi.

Täze, 2023-2024-nji okuw ýylynda «Aýbölek» mebel kärhanasy ýurdumyzdaky bilim ojaklaryny ýokary hilli önümler bilen üpjün etmekde-de uly üstünlikleri gazandy.

Kärhana Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gowak geňeşliginiň Gowak obasynda açylmaga taýýar edilen 160 orunlyk çagalar bagyny mebel önümleri bilen doly  üpjün etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralary, orta mekdepleri we ýokary okuw mekdepleri üçin partalaryň 5000 müňden gowragy taýýar edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder