JEMGYÝETMEDENIÝET

Türkmenistanda teatr möwsümi açylýar

2021-nji 1-nji aprelinden başlap, Türkmenistanyň teatrlarynda synag hökmünde wagtlaýyn sahna oýunlary görkezilip başlanar. Bu karara Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisinde kabul edilen çözgüt bilen gelindi.

“https://turkmenteatrlary.gov.tm/” saýtynda ýerleşdirilen habara görä, sahna oýunlaryň görkezilişi jemgyýetçilik gigiýenasynyň kadalaryny berjaý etmek şerti bilen, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň kabul eden Tertibine laýyklykda guralar.

Sahna oýunlary ýurdumyzyň teatrlarynda her hepdäniň anna, şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00-da görkeziler.

Görkeziljek sahna oýunlary we olar üçin petekleri satyn almak baradaky doly maglumaty biziň web saýtymyzda, şeýle hem teatrlaryň kassalarynda alyp bilersiňiz.

Ozal habar berişimiz ýaly, ýurdumyzda otly we şäherara awtobus gatnawlarynda hem synag gatnawlary ýola goýlupdy. Mart aýynda ýurdumyzda Aşgabat ― Daşoguz ― Aşgabat ugry boýunça awtobus, Aşgabat ― Türkmenabat ― Aşgabat ugry boýunça otly gatnawlary synag möhleti bilen açylypdy. Bu ugurlarda hem täze habarlara garaşylýar.

Şeýle hem halkara howa gatnawlarynyň togtadylmagy 31-nji mart senesine çenlidi.

 

Iň gymmat myhmanhana

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy